Russiýa II jahan urşundan bäri halkara derejesinde parahatçylygyň ýola goýulmagy uly rol oýnaýan BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Parahatçylyk geňeşiniň birlikde nähili ýagdaýda işleşjekdigi meselesine ünsi çekýär.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, sentýabr aýynda Ysraýylyň Gazadaky söweşiň bes edilmegi meýilnamasynyň çäginde Parahatçylyk geňeşiniň döredilmegini teklip edipdi.
Tramp Geňeşiň ygtyýarynyň halkara derejesindäki beýleki düşnüşmezlikleriň çözülmegini öz içine aljak görnüşde giňeldilip bilinjekdigini aýdypdy.
Adaty ýagdaýda bu işlere BMG tarapyndan gözegçilik edilýär.
ABŞ, Trampyň Parahatçylyk geňeşine gatnaşan BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik ýeke-täk agzasydyr.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary Russiýa, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa Parahatçylyk geňeşinde ýer almaýar.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Kirill Logwinow, penşenbe güni TASS habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Parahatçylyk geňeşiniň düzgünnamasy, özüni “netijesizdigi subut edilen mehanizmleriň ýerini almak üçin niýetlenen täze halkara gurama”diýip kesgitleýär” diýdi.
“Parahatçylygy ýola goýmak funksiýasy”
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň halkara guramalar bölüminiň başlygy Logwinow metbugata beren beýannamasynda guramanyň düzgünnamasynda Gaza hakynda agzalmaýandygyny sözleriniň üsüne goşdy.
Logwinow bu çemeleşmäniň; Parahatçylyk geňeşiniň halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy boýunça giňden ykrar edilen ýeke-täk halkara gurama bolan BMG-sy we Howpsuzlyk geňeşi bilen nähili ýagdaýda işleşjekdigi meselesini gün tertibine getirip biljekdigini nygtady.
Logwinow, BMG-nyň Baş sekretary Antonşu Guterreşiň häzire çenli Parahatçylyk geňeşiniň maslahatyna çagyrylmandygyna ünsi çekdi.














