DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaý we Hindistan bäş ýyllyk arakesmeden soň göni uçar gatnawlary dikeltdi
IndiGo-nyň täze Kalkutta-Guançžou ugurlarynyň başladylmagy, 2020-nji ýyldaky serhet çaknyşyklaryndan we pandemiýanyň syýahatçylyk pudagyny doňdurmagyndan bäri iki ägirt  goňşy ýurt özara ilkinji göni howa gatnawyny ýola goýmak üçin işe girişdiler.
Hytaý we Hindistan bäş ýyllyk arakesmeden soň göni uçar gatnawlary dikeltdi
Hytaý-Hindistan
27 Oktýabr 2025

Hytaý bilen Hindistan 2020-nji ýyldaky serhet çaknyşygy sebäpli dartgynlaşan gatnaşyklary dikeltmek üçin seresaply ädim hökmünde, bäş ýyllyk arakesmeden soň ýekşenbe güni göni täjirçilik gatnawlaryny ýola goýdular.

IndiGo-nyň ilkinji uçary Kalkutta şäherindäki Netaji Subhas Çandra Bose halkara howa menzilinden uçup, Guançžou gondy we düzüminde 176 ýolagçy bardy. Hindistanyň iň uly howa ýollary kärhanasy iki şäheriň arasynda gündelik göni uçar saparlaryny amala aşyrar.

Täze-Deli bu ädimiň “adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary artdyrjakdygyny” we “ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tapgyrlaýyn kadalaşdyrylmagyny goldajakdygyny” aýtdy.

Şanhaý bilen Täze-Deli şäherlerini birleşdirýän ikinji ugur 9-njy noýabrda işe giriziler we hepdede üç gezek amala aşyrlar.

Aziýanyň iki ägirdiniň arasyndaky howa gatnawy 2020-nji ýylyň başynda Kowid-19 pandemiýasynyň başlamagy bilen togtadyldy. Bu ýagdaý şol ýylyň iýun aýynda Galwan jülgesinde 20 hindi esgeriniň we belli bolmadyk sanda hytaýly esgeriň ölmegine sebäp bolan ölüm howply çaknyşyklardan soň dowam etdi.

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Hakyky gözegçilik liniýasy (LAC) boýunça dartgynlylygy azaltmaga gönükdirilen ylalaşykdan soň gatnaşyklar bölekleýinkadalaşdy. Uçuşlaryň dikeldilmegi dünýäniň iň köp ilatly iki ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin simwoliki, ýöne möhüm ädim hökmünde kabul edilýär.

Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy