Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, ganhor Netanýahuny geçen hepde Katarda Hamasyň wekiliýetine hüjüm guramagy sebäpli berk tankyt etdi.
Prezident Erdogan “Netanýahu, Gitleriň ideologik garyndaşy”diýdi.
Ysraýylyň Doha guran howa hüjüminden soň nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen Arap-Yslam sammitine gatnaşan Erdogan, “Gitler özüne garaşýan ýeňilişi öňünden görüp bilmändi, Netanýahunyň soňy hem Gitleriňki ýaly bolar”diýip belledi.
Prezident Erdogan, geçen hepde Hamasyň gepleşiklere gatnaşýan wekiliýetine guralan hüjümi “halkara ulgama we hukuga garşy durmak”hökmünde häsiýetlendirdi.
Günbatarly ýurtlaryň Palestin döwletini ykrar etmegi barada hem durup geçen Erdogan, munyň Ysraýyla edilýän basyşy artdyrjakdygyny we meseläni BMG-nyň gün tertibine getirjekdiklerini belledi.
Tripola goldaw berdi
Türkiýäniň Liwiýanyň özygtyýarlygyna we jebisligine goldaw berýändigini aýdan Prezident Erdogan “Liwiýanyň özygtyýarlygyna, territorial bitewiligine we syýasy sebisligine goldaw berýäris” diýdi.
Türkiýäniň başyndan bäri Tripoli hökümetine goldaw berýändigini aýdan Erdogan, soňky döwürde Liwiýanyň gündogary bilen diplomatiýa taýdan aragatnaşyk saklamaga çalyşýandyklaryny belledi.
















