Ministr Fidan Er-Riýadda möhüm duşuşyklar geçirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Kataryň, Iordaniýanyň, Saud Arabystanynyň we Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirlen “Sebit ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň” maslahatynyň çäginde Pakistanyň Daşary işler ministri we Wise-premýer Muhammed Ishak Dar, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Kataryň Daşary işler ministri we Wise-premýer Şyh Muhammed bin Abdurahman Al Sani, Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen as-Safedi we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan Al Suud bilen aýry aýry duşuşyk geçirdi.
Maslahatda sebitde başdan geçirilýän soňky wakalaryň seljerildi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Fidan bilen Arakçy dowam edýän söweş hakynda pikir alyşdy.