Eýran ABŞ-nyň haýbatlary sebäpli HAEG-na hödürlän jarnamasyny yza çekdi.
Eýran BMG-niň Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň (HAEG) ýyllyk Sessiýasynda ýadro desgalaryna hüjümleri gadagan etmegi göz öňünde tutýan jarnamanyň taslamasyny ABŞ-nyň basyşlary sebäpli yza çekdi.
Eýran jarnamanyň taslamasyny Hytaý, Russiýa we Kuba, Wenesuela, Belarus ýaly birnäçe ýaranlary bilen bilelikde hödürläpdi. Kararyň tekstinde 2025-nji ýylyň iýun aýynda Ysraýyl we ABŞ tarapyndan Eýranyň ýadro desgalaryna guralan hüjümleri "halkara hukugynyň aç-açan bozulmagy" hökmünde berk ýazgaryldy we "ähli döwletleriň parahatçylykly ýadro desgalaryna hüjüm etmekden ýa-da hüjüm bilen haýbat atmakdan saklanmalydygy" nygtaldy.
Günbatarly diplomatlaryň aýtmagyna görä ABŞ jarnama kabul edilse we Ysraýylyň gullukdaky hukuklary çäklendirilen ýagdaýynda HAEG-na göýberýän maliýele serişdesini çäklendirjekdigini beýan edýär.
Eýranyň BMG-niň yanyndaky hemişelik Wekili Reza Najafi konferensiýada çykyş edip, bu kararyň "ýagşy niýete we konstruktiw hyzmatdaşlyk ruhuna esaslanyp, birnäçe agza döwletleriň haýyşy boýunça kabul edilendigini" aýtdy.
Ol şeýle hem: "Biz bu guramanyň esaslarynyň bir agressoryň basyşlary we syýasy täsirleri bilen ýoýulmaly däldigine berk ynanýarys" diýdi.
Jarnamanyň yza çekilmegi Ysraýylyň iýun aýynda Eýranyň ýadro we harby desgalaryna eden hüjümlerinden soň, şeýle hem ABŞ-nyň Eýranyň üç desgasyna guran hüjümleriniň yzýany ýüze çykdy. Tähran öz ýadro maksatnamasynyň parahatçylyklydygyny uzak wagt bäri öňe sürüp gelýär.
HAEG-na garşy tankytlar
Eýranyň raýat Atom energiýasy guramasynyň başlygy Mohammad Eslami HAEG-nyň agzalaryny "bikanun hüjümlere garşy degişli çäreleri görmäge" çagyrdy. Şeýle hem ol "ABŞ-nyň soňky haýbatlaryny" tankytlap, Gullugyň butjetini çäklendirjekdigini beýan etmek arkaly atýandygyny öňe sürdi.
ABŞ-nyň Wenadaky wekili Howard Solomon jarnamanyň "soňky wakalaryň düýpgöter nädogry beýan edilendigini" we sese goýulsa "agdyklyk bilen ret ediljekdigini" aýtdy. Ol Waşingtonyň hüjümleriniň ýerliklidigini nygtap, Eýranyň urany gaýtadan işlemek hakyndaky maksatnamasynyň "Ysraýyla we sebite agyr we artýan häsyete eýe bolan howp salýandygyny" öňe sürdi.
HAEG-na 180 agza döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Sessiýa her ýyl Wenada guralýar. Sessiýada Gullugyň butjeti tassyklanýar we ýadro howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşylýar.
Bu maslahat Fransiýanyň, Germaniýanyň we Angliýanyň, Eýranyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy bilen bagly borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi sebäpli BMG-niň sanksiýalaryny täzeden girizmek üçin "gyssagly hereket" tapgyryny başlatdan günlerine gabat geldi. Bu çäre, weto hukugynda degişli bolman, gepleşikler täzeden başlamasa, 30 günüň dowanybda güýje girer.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron penşenbe güni sanksiýalary girizme prosesiniň "tamamlanandygyny" beýan edip, "Eýrandan gelip gowşan soňky habarlaryň hakykaty beýan etmeýandigini" aýtdy.