Syn we garaýyşlar
TÜRKIÝE
2 minut okamak
Prezident Erdogan: Dilimize eýe çykmak, geljegimize eýe çykmakdyr
Prezident R. T. Erdogan 26-njy sentýabr Türk dili baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.
Prezident Erdogan: Dilimize eýe çykmak, geljegimize eýe çykmakdyr
Prezident Erdogan: Dilimize eýe çykmak, geljegimize eýe çykmakdyr

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, 26-njy sentýabr Türk dili baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Ýüzlenmesinde türk diliniň millet üçin diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolmandygyny nygtan Erdogan, diliň şol bir wagtyň özünde taryhyň, medeniýetiň, siwilizasiýa mirasynyň we umumy ýadyň özenini emele getirýändigine ünsi çekdi.

Türk diliniň müňlerçe ýyllyk geçmişi bolan baý dildigini nygtan Erdogan ýüzlenmesinde: “Türk dilimiz halkymyz üçin diňe bir düşnişmek serişdesi bolman eýsem taryhymyzyň, medeniýetimiziň, siwilizasiýa mirasymyzyň we umumy ýadymyzyň daşaýyjysydyr. Ene dilimiz bolan türk dilimiz müňlerçe ýyllyk geçmişi bolan beýik siwilizasiýanyň mirasyny özünde jemleýär. Asyrlaryň dowamynda dürli sebitlerde, dürli milletler bilen aragatnaşyk saklamak arkaly baýlaşan dilimiz şygyrdan edebiýata, ylymdan sungada çenli durmuşymyzyň ähli ugurlarynda halkymyzyň duýgularyna we garaýyşlaryna terjimeçi hökmünde hyzmat etdi.

26-nji sentýabr Türk dili baýramy mynasibetli biziň esasy wezipämiz türk dilimizi geçmişden alan beýik mirasymyzyň amanady hökmünde goramak, baýlaşdyrmak we geljek nesillere ýetirmekdir” diýdi.

“Diline eýe çykýan millet, taryhyna we geljegine hem eýe çykar”

Prezident Erdogan: Türkiýe asyryny gurýan döwrümizde öz dilimize, medeniýetimize we medeni gymmatlyklarymzya eýe çykmak, halkara jemgyýetçiligine öz sözümiz bilen, öz adalgalarymyz bilen we öz siwilizasiýa garaýşymyz bilen goşant goşmak diýseň möhümdir.

Türk diliniň dogry ulanylmagyny ýaýbaňlandyrmak çagalarymyzyň we ýaşlarymyzyň dilimize bolan söýgüsini artdyrmak biziň esasy wezipämizdir.

Diline eýe çykan milletiň taryhyna we geljegine eýe çykjakdygyny ýatdan çykarmalyň.

Pursatdan peýdalanyp Türk dili baýramynyň türk diliniň has-da baýlaşmagyny we dünýäde esasy dillerden biri bolmagyny arzuw edýärin. Türk diliniň ösmegine uly goşan goşan ähli dilçi alymlarymyzy we tanymal şahsyýetlerimizi uly hormat bilen ýatlaýaryn. 26-njy sentýabr Türk dili baýramymyz gutly bolsun” diýdi.

 

 

Öwren
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi
Prezident Erdoganyň “Türki dünýä” baradaky ýüzlenmesi
Türkiýe we Hytaý kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdi
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy
Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldular
Kanadanyň Premýer ministri Mark Karni Türkiýä ilkinji saparyny amala aşyrar
Prezident Erdogan MaşgalaFest çärelerine baryp gördi
Türkiýe Ysraýylyň Siriýadaky territorial düzgün bozmalaryny berk ýazgardy
Antalýada 77-nji Halkara Älem kongresi başlady
Stambul howa menzili gündelik 1587 uçar gatnawy bilen Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
TEKNOFEST Şanlyurfa şäherinde öz işini dowam etdirýär
Türkiýe, Husileriň Medine şäherindäki raýat infrastrukturasyna guran hüjümini berk ýazgardy
MHG Reýhanly hüjüminiň jenaýatçysyny tussag etdi
Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi
TEKNOFEST Türkiýäniň Günorta-gündogarynda öz işine başlady
Fidan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynyň Premýer-ministri Wüst bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan BAE-niň Döwlet baştutany Al Nahýan tarapyndan kabul edildi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
Erdogan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa ştatynyň Premýer-ministri Wýusti kabul etdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan BAE-e sapar gurar