SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ Ukraina 1,8 milliard dollarlyk kömek berer
ABŞ-nyň Wekiller palatasy Ukraina 1,8 milliard dollarlyk kömegiň berilmegini we Russiýa goýlan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldilmegini göz öňünde tutýan karar taslamasyny kabul etdi
ABŞ Ukraina 1,8 milliard dollarlyk kömek berer
ABŞ Ukraina 1,8 milliard dollarlyk kömek berer / Reuters

ABŞ-nyň Wekiller palatasy Ukraina 1,8 milliard dollarlyk goşmaça kömegiň berilmegini we Russiýa golan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldilmegini göz öňünde tutýan karar taslamasyny kabul etdi.

Karar taslamasy penşenbe güni geçirlen sese goýulşykda 226 sese garşy 195 ses bilen kabul edildi.

Demokratlar bilen birlikde Jemhuriýetçi partiaýdan hem 18 halk deputaty taslama goldaw berdi.

Karar taslamasy Wekiller palatasyna Demokrat partiýaly halk deputaty Jorj Miks tarapyndan hödürlendi.

Taslama goldaw berenler kararyň Ukraina tadýan diýseň möhümdigine ünsi çekdi, şol bir wagtda Russiýanyň nebit-gaz pudagyna goýlan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldiljekdigini we Russiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän maliýe guramalaryny hem çäklendirjekdigini nygtady.

Senada hödürlenjek taslamanyň kabul edilmegi üçin azyndan 60 ses gerek bolar.