TRT Ysraýylyň “Ýewrowideniýä” gatnaşmagy bilen bagly jedel sebäpli EBU maslahatyny terk etdi
Ýewropanyň teleradioýaýlymlary Ysraýylyň Gazadaky genosidini dowam etdirýän mahaly Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmagyny ýazgardylar. Birnäçe Ýewropa ýurdy Ýewrowideniýe 2026-ny boýkot etjekdigini yglan etdiler.
Ýewropa Ýaýlymlar Bileleşiginiň (EBU) Ženewada geçirilen 95-nji Baş Assambleýasynda täze agzalyk düzgünleri we Ysraýylyň jemgyýetçilik telewideniýesi bolan KAN-yň 2026-njy ýyldaky Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigindäki statusy barada giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Agzalar ses berişlik başlamazdan ozal Ysraýylyň Gazada amala aşyrýan genosidini göz öňünde tutup, KAN-yň guramadaky gatnaşygynyň dowam etdirip-etdirmezligi barada beýanat berdiler.
EBU-nyň esaslandyryjy agzalarynyň biri bolan TRT Worldyň esasy guramasy TRT, Gazadaky ýagdaýyň Ysraýylyň bu çärä gatnaşmagyny Ýewrowideniýäniň gymmatlyklaryna gabat gelmeýän ýagdaýa getirýändigini aýtdy.
TRT-niň wekiliýeti beren beýanatynda: "Bu zaldaky hemmeler ýaly, biz hem TRT hökmünde bütin dünýäniň gözüniň öňünde onlarça ýyllap dowam eden zulumyň we genosidiň şaýady bolýarys. Ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden bäri onlarça çaga öldürildi we ynsanperwer kömek henizem Gaza howpsuz ýagdaýda ýetmedi. Ysraýyl tarapyndan 270-den gowrak žurnalist öldürildi. TRT-niň pozisiýasy aýdyň: Ysraýylyň jemgyýetçilik teleradioýaýlymy KAN-nyň bäsleşige gatnaşmagy onuň gymmatlyklaryna laýyk däl we şonuň üçin oňa gatnaşmaga rugsat berilmeli däl" diýip nygtady.
Irlandiýanyň jemgyýetçilik teleýaýlym guramasy RTE hem bu pikiri goldap: "Gazada elhenç adam ýitgileri we dowam edýän ynsanperwer krizisi göz öňünde tutup, Ysraýylyň teleýaýlym guramasy KAN bäsleşikde galýança, biziň gatnaşmagymyz kabul ederliksiz bolar" diýdi.
Ysraýyl teleradioýaýlymynyň işgäri söz alanda, TRT-nyň wekilleri protest bildirip zaly terk etdiler.
TRT we başga-da birnäçe agza açyk ses bermäge garşy çykyp, gizlin ses bermegi talap etdiler.
Netijede, Baş Assambleýa gatnaşmagyň täze düzgünlerini tassyklady, ýöne Ysraýylyň goşulmagy barada aýratyn ses bermezlik kararyny kabul etdi.
Germaniýaly we awstriýaly agzalar KAN-y açyk goldaýan bolsalar-da, Ispaniýanyň, Sloweniýanyň, Irlandiýanyň we Gollandiýanyň teleradioýaýlymlar ses berişlikden soň Ýewrowideniýe 2026-ny boýkot etjekdiklerini yglan etdiler.
Bu düşünişmezçilik ABŞ-nyň araçylyk etmegi bilen oot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan, Ysraýylyň Gazadaky urşuny dowam etdirmegi, Palestinadaky adam pidalarynyň sanynyň artmagy we medeni, syýasy we media edaralarynda halkara tankytlarynyň artmagy bilen baglanyşykly ýüze çykdy.