“Halkara jemgyýetçiligi Ysraýylyň sebitiň durnuklylygyna howp salýan hereketlerine çäre görmeli"
Türkiýe Respublikasynyň Milli Goranmak ministrligi Gaza ynsanperwer kömeginiň üznüksiz we howpsuz ýagdaýda ýetirilmeginiň möhümdigini mälim etdi.
Türkiýe halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň sebitdäki hereketlerine garşy aýgytly çäre görmelidigini ýene-de bir gezek beýan etdi.
Milli Goranmak ministrliginiň (MGM) metbugat Sekretarı kontr-admiral Zeki Aktürk penşenbe güni beren hepdelik metbugat brifinginde Ysraýylyň Günbatar Şeriýada we Iýerusalimde agressiýasyny we Siriýa bilen Liwany durnuksyzlaşdyrmaga gönükdirilen ekspansionizmini dowam etdirýändigini aýtdy.
Aktürk: "Halkara jemgyýetçiliginiň, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly we ynamly erk görkezmelidigini hem-de Ysraýylyň sebitiň parahatçylygyna we durnuklylygyna howp salýan hereketlerine garşy göreşmek üçin çäre görmelidigini ýen-de bir gezek gaýtalaýarys" diýdi.
Milli Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary şeýle hem Gaza ynsanperwer kömeginiň üznüksiz we howpsuz iberilmeginiň, raýatlaryň gyssagly zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagynyň hem-de atyşygy bes etmegiň şertleriniň doly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Kontr-admiral Aktürk şeýle diýdi: "Bu babatda ähli halkara başlangyçlaryna we konstruktiw tagallalara goldawymyz dowam eder".
Aktürk şeýle hem Türkiýäniň NATO-da eýeleýän ornuny nygtap, ýurduň 1952-nji ýylda Alýansa goşulmagyndan bäri ähli borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirip gelýändigini beýan etdi.
Zeki Aktürk: "Türkiýäniň netijeli diplomatiýasynyň we öňdebaryjy pozisiýasynyň tebigy netijesi hökmünde köpugurly harby işleri bilen dünýäde ykrar edilen NATO-nyň Liderleriniň Sammiti 2026-njy ýylyň iýul aýynda Ankarada geçiriler" diýdi. Şeýle hem, sammitiň maksatnamasyna Goranmak senagaty forumynyň we NATO-nyň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň giriziljekdigini mälim etdi.
Kontr-admiral Aktürk 2026-njy ýylda Türkiýäniň NATO-nyň ýene iki möhüm çäresini gurajakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.
NATO-nyň bar bolan howpsuzlyk şertlerinde aragatnaşyk çemeleşmelerine we strategik aragatnaşykdaky täzeliklere bagyşlanan Aragatnaşyk Maslahaty sentýabr aýynda Stambulda geçiriler.
NATO-nyň Aragatnaşyk we Maglumat Gullugy (NCIA) tarapyndan guralýan we emeliaň, kiber howpsuzlykda gönükdiriş-gözegçilik ulgamlary hem-de maglumat alyşyk tehnologiýalary boýunça maglumaty paýlaşyjy tehnologiýalaryna çenli dürli mowzuklary öz içine alýan NATO-nyň üçünji EDGE çäresi 2026-njy ýylyň 17-19-njy noýabry aralygynda Izmirde geçiriler.
Aktürk Türkiýäniň Ýaragly Güýçleriniň okuw we türgenleşik işlerini üstünlikli dowam etdirýändigini hem-de Türkiýäniň Polşada geçirilen "Loyal Dolos NATO Söweş Taýýarlygy" atly kompýuterleşdirilen dolandyryş merkeziniň türgenleşigine gatnaşandygyny aýtdy.
Milli Goranmak ministrliginiň (MSB) metbugat Sekretary şeýle hem Italiýanyň, Germaniýanyň we Albaniýanyň harby deňiz gämileriniň NATO-nyň Hemişelik Deňiz Toparynyň 2-nji missiýasynyň çäginde Aksaz, Çanakgala we Izmir portlaryna sapar edendigini, Fransiýanyň Deňiz güýçlerine degişli gäminiň bolsa Antaliýadaky porta sapar edendigini aýtdy.
Aktürk Türkiýäniň Ýaragly Güýçleriniň mümkinçilikleriniň ýerli strategik we tehnologik ulgamlar bilen yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady.
Aktürk Türkiýäniň 29-njy noýabrda dünýäde boýunça uly üstünlik gazanandygyny aýtdy. Ol “Baykar” tarapyndan işlenip düzülen “Bayraktar KIZILELMA” uçarmansyz harby uçarynyň Gara deňzinde ASELSAN tarapyndan öndürilen “Murad Aesa” radaryny we “TÜBİTAK-SAGE” tarapyndan işlenip düzülen “GÖKDOĞAN” awia-awia raketasyny ulanyp howa nyşanasyny üstünlik bilen urandygny aýtdy.
Kontr-admiral Aktürk Türkiýäniň Maşyn we Himiýa Senagaty edarasynyň (MKE) geçen hepde dürli ýaraglaryň hem-de ok-därileriň gowşurylmagyny tamamlandygyny aýtdy.
Aktürk: “Ministrligimiziň Maşyn we Himiýa Senagaty Edaramyz taryhynda ilkinji gezek Halkara Stockholm Parahatçylygy Öwreniş Instituty (SIPRI) tarapyndan taýýarlanylan dünýäniň esasy 100 goranyş kompaniýalarynyň hataryna goşuldy” diýdi.
Aktürk şeýle hem bir ýeňil “Korwet” gämisiniň eksporty hakyndaky şertnama Milli Goranmak ministriniň orunbasary Musa Heýbetiň gatnaşmagynda geçirilen dabarada ASFAT paýdarlar jemgyýeti bilen NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup durýan Rumyniýanyň Goranmak ministrliginiň arasynda gol çekilendigini aýtdy.
Metbugat Sekretary TF-2000 howa goranyş gämisi üçin blok gurluşygynyň başlanmagyndan soň, Türkiýäniň milli suwasty gämisi (MILDEN) üçin ilkinji synag blok gurluşygyna hem başlanandygyny sözleriniň üstüne goşdy.
Kontr-admiral Aktürk: "Ýerli we milli goranyş senagatymyzdaky taryhy üstünlikler ýurdumyzyň bu ugurda ýeten ýokary derejesiniň anyk görkezijisidir we biz bu tapgyra goşant goşan her bir adamy ýene-de bir gezek gutlaýarys" diýdi.