Palestin BRICS-e doly agzalyk üçin ýüz tutdy, emma heniz jogap gelmedi.
Palestiniň Russiýadaky ilçisi Abdel-Hafyz Nofal anna güni beren beýannamasynda ýurdunyň häzirlikçe “myhman” hökmünde BRICS-e gatnaşmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Rus habarlar gullugy RIA beýannama beren ilçi Nofal, Palestiniň resmi taýdan BRICS-e doly agza bolmak üçin ýüz tutandygyny aýtdy.
Nofal “Emma bilşiňiz ýaly Palestiniň belli şertleri bar. Doly agzalyk üçin şertler ýerine ýetirilýänçä Palestin guramanyň maslahatlaryna myhman hökmünde gatnaşmaga dowam eder. Heniz hiç hili jogap gelmedi” diýdi.
2006-njy ýylda Russiýa, Hytaý, Hindistan we Braziliýa tarapyndan gurlan BRICS toparyna 2011-nji ýylda Günorta Afrika hem goşulýar.
Topara 2024-nji ýylda Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Efiopiýa we Eýran, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa Indoneziýa goşulýar.
BRICS bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň arasynda Belarus, Boliwýa, Kuba, Gazagystan, Malaýziýa, Nigeriýa, Taýland, Uganda, Özbegistan we Wýetnam ýer alýar.









