SYÝASAT
2 minut okamak
Zelenskiý “60-90 günüň dowamynda prezident saýlawy geçirlip bilner” diýdi
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Kiýewiň söweşi saýlawyň geçirilmezligi üçin ulanýandygyna ünsi çekmeginden soň möhüm beýanat berdi.
Zelenskiý “60-90 günüň dowamynda prezident saýlawy geçirlip bilner” diýdi
Zelenskiý “60-90 günüň dowamynda prezident saýlawy geçirlip bilner” diýdi / Reuters
10 Dekabr 2025

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý howpsuzlyk we hukuky taýdan şertler üpjün edilen halatynda 60-90 günüň dowamynda prezident saýlawlaryny geçirmäge taýardyklaryny aýtdy.

Zelenskiý Amerikaly we Ýewropaly ýaranlaryndan söweşiň dowam edýän günlerinde saýlawyň geçirilmegi üçin amatly şertiň döredilmegine goldaw bermeklerini isledi.

Bu beýannamada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň sişenbe güni beren beýannamasyndan soň berildi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Rimde metbugata beren beýannamasynda, Amerikaly ýolbaşçylar bilen geçiren soňky duşuşygynda bu meseläniň gün tertibine getirilmändigini we saýlawlar bilen baglanşykly karary diňe ukrainalylaryň kabul etjekdigini nygtady.

Kiýewiň syýasy sebäplerden saýlawdan gaça durýandygy hakyndaky garaýyşlary ret eden Zelenskiý, söweşiň dowam etmeginiň kimiň wezipäniň başynda bolandygy bilen arabaglanşygynyň ýokdygyny aýtdy.

Ukrainanyň lideri Russiýanyň hüjümlerine garamazdan howpsuzlyk şertleri bilen birlikde saýlawyň legallygyny üpjün etmegiň we frontdaky esgerleriň saýlawa gatnaşmagyna rugsat berilmegi üçin kanunlara hem üýtgetme girizilmelidigini nygtady.

Zelenskiý Amerikaly we Ýewropaly ýaranlaryndan söweşiň dowam edýän günlerinde saýlawyň geçirilmegi üçin amatly şertiň döredilmegine goldaw bermeklerini isledi we degişli goldaw berlen halatynda ýurduň 2 ýada 3 aýyň dowamynda saýlaw geçirmäge taýardygyny ýatlatdy.

Zelenskiý saýlawa gatnaşmaga taýardygyny we halk deputatlaryndan söweş döwründe saýlawlaryň geçirilmegi üçin degişli taslamasynyň taýarlanmagyny isländigini sözleriniň üstüne goşdy.

Ukrainanyň parahatçylyk meýilnamasy

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, Kiýewiň parahatçylyk meýilnamasyny çarşenbe güni Waşingtona hödürlejekdigini belledi.

Ukrainanyň lideri mundan başgada ýurduna Neptune, Palýanitsia, Flamingo we Sapsan rekatalary bilen birlikde uzak aralykly ulgamlaryň ornaşdyrlandygyny aýtdy.

Krym hakynda hem durup geçen Zelenskiý, Ukrainanyň ýarymadany yzyna almak üçin harby mümkinçiliginiň ýokdygyny kabul etdi.

Russiýanyň energetika ylalaşygana goldaw beren halatynda, Kiýewiň meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýardygyny sözleriniň üstüne goşan Zelenskiý, energetika durnuklylygynyň halk üçin diýseň möhümdigini belledi.