Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Gazanyň parahatçylyk meýilnamasyna maliýe goldawyny bermek arkaly täzeden gurmak we dolandyryş özgertmelerine kömek bermäge taýýardyklaryny aýtdy.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň ABŞ, Katar, Müsür we Türkiye tarapyndan araçylyk edilýän Gaza ýaraşyk meýilnamasyny doly goldaýandygyny aýtdy.
Ursula fon der Lýaýen, merekezi ofisi ABŞ-da ýerleşýän sosial media platformasy X-dan beren beýanatynda: "Ýewropa ABŞ, Katar, Müsür we Türkiye tarapyndan araçylyk edilýän parahatçylyk meýilnamasyny doly goldaýar. Şu gün Şarm al-Şeýhdäki söweşi bes etmek baradaky şertnamanyň tamamlanmagy taryhy öwrülişik bolar" diýdi.
Ursula fon der Lýaýen meýilnamanyň durmuşa geçirilmegine ähli serişdeleri bilen, esasanam "Palestina hökümetiniň dolandyrylyşyna we özgertmelerine goldaw bermek arkaly" goşant goşmaga taýýardyklaryny aýtdy.
Ursula fon der Lýaýen şeýle hem: "Palestina donorlar toparynyň içinde işjeň güýç bolarys. Gazanyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin ÝB gaznalary bilen üpjün ederis" diýdi.