Erdogan Ysraýyl bilen çaknyşykda Eýranyň özüni goramak hukugyny goldaýar
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň genosid jenaýatynda Gitlerden birmahal öňe geçendigini beýan etdi.
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ýakyn Gündogardaky çaknyşyklar barada beyanat berip, Eýranyň Ysraýyla garşy özüni goramak hukugyny goldaýandygyny nygtady.
Erdogan çarşenbe güni Ankarada geçirlen Adalat we ösüş partiýasynyň topariçi maslahatynda: “Eýranyň Ysraýylyň garakçylygyna, bu döwlet terroryna garşy özüni goramagy tebigydyr, kanunydyr, hukuk taýdan haky bardyr” diýip nygtady.
Bu beýanatlar Ysraýylyň Eýrany we sebitdäki ýaranlaryny nyşana alýan hüjümleriniň artýan wagtynda berildi.
Çaknyşyklaryň çynlakaýlygyna ünsleri çeken Prezident Erdogan Ysraýylyň liderini tankyt edip: “Netanýahu genosid jenaýatynda zalym Gitlerden birmahal öňe geçdi. Ykballary meňzeş bolmaz diýip umyt edýärin” diýdi.
Erdogan şeýle hem: “Hem Gaza, hem Siriýa, Liwana, Ýemene hem-de goňşymyz Eýrana garşy bu adamkärçiliksiz hüjümleri duruzmak üçin elimizden gelen ähli zady edýäris” diýip belledi.
“Terrorçylykly hüjümler”
Erdogan şeýle hem Ysraýylyň hereketleriniň ynsanperwerlik ugurlaryna ünsleri çekip: “Ysraýylyň bu eden-etdiligini goldaýanlaryň eline, maňlaýyna öldürilen bigünä adamlaryň, bäbekleriň, çagalaryň gany syçrady we gan tegmili şol ellerden, şol adamlaryň maňlaýyndan hiç wagt arassalanmaz” diýip belledi.
Prezident Erdogan sebitdäki durnuklylyk baradaky aladalaryň üstünde durup geçip: "Şeýle hem, Ysraýylyň Eýrana garşy guraýan terrorçylykly hüjümlerine ýakyndan gözegçilik edýäris. Şol hüjümleriň Türkiyä ýetirmegi ähtimal täsirleri babatynda ähli guramalarymyz, degişli ähli egindeşlerimiz bilen hüşgär ýagdýada. Türkiye hüşgär ýagdaýda” diýip aýtdy.
Erdogan: “Milletimiz arkaýyn bolsun. Hökümet Türkiyäniň bähbitlerine, asudalygyna, jebisligine, howpsuzlygyna ahyryna çenli gözegçilik ederis. Ähli oňaýsyzlyklara we ssenariýalara garşy taýýarlyk gördük we taýýarlyk görýäris” diýdi.
Ýakyn Gündogarda dowam edýän zorluklar sebäpli dünýädäki ümsümligi ýazgaran Erdogan: "Gynansagam, halkara guramalary we döwletleri, esasanam Birleşen Milletler Guramasy, bütin dünýä we tutuş adamzat gözüniň alnynda amala aşyrylýan bu agressiýa garşy dymýar, käbirleri bu garakçylygy aç-açan goldaýarlar” diýip belledi.