Durnuksyz ylalaşyk şertlerinde Gazada onlarça ýaşlar üçin köpçülikleýin toý tutuldy

Ysraýylyň eden weýrançylyklaryna garamazdan Han Ýunusda geçirilen köpçülikleýin nika gyýma dabarasynda 54 jübüt durmuş gurdy.

By
Durnuksyz ylalaşyk şertlerinde Gazada onlarça ýaşlar üçin köpçülikleýin toý tutuldy / AP

Aman Hassan Lawwa  milli palestin nagyşlary bilen bezelen egin-eşik geýinipdi: Hikmat Lawwa bolsa kostýum balagy bilen owadan geýinen beýleki jübütler ýaly el tutuşyp, ýumrulan binalaryn arasyndan ýöreýärdi.

27 ýaşly iki palestinli iki ýyllyk weýrançylykly genosidden soň gabaw astyndaky sebitde seýrek gabat gelýän umytly pursady beýan edýän köpçülikleýin toýdan sişenbe güni durmuş guran 54 jübütden biridi.

Lawwa: “Başdan geçirilen agyr günlere garamazdan täze bir durmuşa başlaýarys” diýdi. “Alla ýol berse bu, urşuň soňy bolar.”

Palestin medeniýetinde möhüm orun tutýan toýlar Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazada iňňän seýrekleşipdi. Durnuksyz ylalaşyk bilen bilelikde bu däp gaýtadan dikeldilmäge başlandy; emma toý dabaralary indi sebitde ozalkysy ýaly ajaýyp şüweleňlere meňzemeýär.

Günortadaky Han Ýunus şäherinde mähelle Palestin baýdaklaryny göterip, şowhun bilen jemlenşýärkä, Gazada dowam edýän gumanitar çökgünlik toý dabaralaryna hem öz ýaramaz täsirini ýetirdi. GAzanyň 2 millionlyk ilatynyň esasy bölegi-Aman we Hikmet bilen bilelkikde-Ysraýylyň hüjümlerinde ýerlerinden jyda düşürildi. Şaherleriň giň meýdanlary ýumruldy we kömek ýetmezçiligi bilen genosidiň täsirleri adamlaryň gündelik durmuşynda henizem çuňdan duýulýar.

Hikmet: “Dünýäniň galan bölegi ýaly bagtyýar bolmak isleýäris. Bir wagtlar öýüm, işim we hemmeleriňki ýaly durmuşym bolsun diýip hyýal ederdim” diýýär we sözüniň üstüni ýetirýär: “İndi bolsa hyýalym ýaşara çadyr tapmak.”

“Durmuş kem-käs hem bolsa kadalaşmaga başlady. Emma garaşýanymyz ýaly däl” diýip, sözlerini jemledi.

Toý dabarasy Al Faref Al Şahim tarapyndan maliýeleşdirildi. Gurama diňe bir çäräni guramak bilen çäklenmedi. Ýaşlara täze durmuşlaryna başlamaklary üçin pul kömegini berdi we dürli hojalyk goşlary bilen üpjün etdi.

Palestinliler üçin toýlar umuman uzakly gün dowam edýän şüweleňli dabaralardyr we maşgalalaryň esasy bölegi üçin geljegi kesgitleýän esasy sosial hem-de ykdysady görkeziji kabul edilýär. Bu dabaralarda gelin we ýigit bilen köçeleri doldurýan mähelläniň şatlykly tanslar edilerdi, näz-nygmatly saçaklar giňden ýazylardy.

Ine-de toýdan käbir kadrlar: