“Gazada uruş däl eýsem genosid bar”
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda “Gazada uruş däl eýsem genosid bar” diýdi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Nýu-Ýorkda geçirilýän BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Ysraýyly Gazada genosid etmekde günäkärledi we halkara jemgyýetçiligine akýan ganyň durmagy üçin gyssagly herekete geçmekleri boýunça çagyryş etdi.
Erdogan sişenbe güni eden çykyşynda “Biziň gözümiziň öňünde Gazada 700 günden bäri genosid dowam edýär” diýdi.
“Soňky 23 aýdan bäri Ysraýylda her sagatda bir çaga öldürilýär” diýen Erdogan, Gazada döwrebap taryhda deňi-taýy görülmedik wakanyň başdan geçirilýändigini nygtady.
Dünýä ýurtlarynyň liderlerine ýüzlenen Erdogan “Gazada uruş ýok, iki tarap ýok, basyp alyşlyk, genosid we köpçülikleýin gyrgynçylyk syýasaty bar” diýdi.
“Palestin halkynyň adyndan ýüzlenýärin”
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan, Palestin döwletini ykrar eden ýurtlara minnetdarlyk bildirdi we Palestiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi üçin çagyryş etdi.
Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşmaýandygy sebäpli gynanç bildiren Erdogan “Türkiýe palestin halkynyň adyndan ýüzlenýär” diýdi.
Gazada gyssagly ylalaşyk gazanylmagy we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin çagyryş beren Erdogan, Ysraýylyň genosid toparynyň adalatyň öňünde jerimesini çekmelidigini nygtady.
Erdogan Gaza, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria, Siriýa, Ýemene, Eýrana, Liwana we Katara hüjüm eden Ysraýylyň sebit ýurtlaryna wehim salýandygyna ünsi çekdi.
Erdogan Netanýahunyň parahatçylyk islemeýändigini we ýesirleriň boşadylmagy ýaly niýetiniň hem ýokdygyna ünsi çekdi.
“Palestinlilere goldaw beriň”
Prezident R. T. Erdogan, dünýä ýurtlarynyň liderlerine, palestinlilere goldaw bermekleri üçin çagyryş etdi.
Erdogan Ysraýylyň hüjümleriniň zenan we çaga hukuklary, söz azatlygy, deň hukuklyk we adalat ýaly esasy adam hukuklarynyň basgylanandygyny belledi.
“Çagalaryň açlyk we derman ýetmezçiligi sebäpli ýogalýan dünýäsinde eýsem durnuklylyk bolarmy?” diýip ýüzlenen Erdogan “Adamzat soňky asyrda şeýle wagşyçylyk görmedi” diýdi.