Sebitleýin dartgynlygyň möwjeýän günlerinde Russiýanyň Premýer-ministri Hytaýda saparda bolar
Sapar Moskwanyň esasy ýarany Hytaý bilen energetika, senagat we tehnalogiýa pudagy boýunça edýän hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýär
Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Hytaýda saparda bolar
Mişustin iki gün dowam etjek saparynyň çäginde Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpin we Premýer-ministri Li Sýan bilen duşuşar.
Saparyň çäginde Günbatarly ýurtlaryň edýän basyşyna garamazdan iki ýurduň arasynda ykdysadyýet we tehnalogiýa pudagy boýunça edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesi seljerler.
TASS habarlar gullugy, rus hökümetiniň metbugat gullugyna esaslanýan habarynda, Premýer-ministr Mişustiniň duşenbe güni Hangzhou şäherinde kärdeşi Li bilen duşuşmagyna garaşylandygyny we sişenbe güni bolsa Szinpin bilen duşuşmak üçin Pekine gitjekdigini habar berdi.
Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky soňky hökümetara maslahat 2024-nji ýylyň awgust aýynda Moskwada geçirlipdi.
İnterfaks habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Mişustiniň Hytaýa gurajak saparyna uly ähmiýet berýändiklerini mälim etdi we Prezident Wladimir Putiniň Mişustin arkaly kärdeşi Szinpine ýüzlenme ugradyp ugratmajakdygy hakynda bolsa maglumat bermedi.
Putin bilen Szinpin 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukrainany basyp almagynyň öňüsyrasynda “çäksiz hyzmatdaşlyk” şertnamasyny baglaşypdy.
Şol günden bäri Moskwa, Günbataryň goýan sanksiýalarynyň täsirini azaltmak üçin Pekin bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Söwda gatnaşyklarynyň depgini gowşady
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramo döwründe, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky dartgynlyklar Waşington bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirýär. Bu ýagdaý Moskwa bilen Pekini Günbataryň basyşyna garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirýär.
Emma soňky aýlarda Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň depgini gowşady.
Russiýanyň Söwda we tehnalogiýa ministri Anton Alikhanow, bu ýagdaýyň daşarky ykdysady basyşlara we Russiýada Hytaýyň önümlerine bolan islegiň azalmagyna baglydygyny mälim etdi.
Hytaýyň sentýabr aýynda Russiýa eden eksporty ýyllyk 21 göterim aşaklady we bu görkeziji soňky 7 aýyň iň pes derejesi hökmünde bellige alyndy.