Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan anna güni Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa As-Sudani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan Muhammed Şiýa as-Sudani bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Ankaranyň söwda pudagynyň başda durmagynda Yrak bilen edýän gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürmek üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan terrora garşy alnyp baryljak bilelikdäki göreşiň iki ýurt taýdan hem bähbitli boljakdygyny nygtady.
Prezident R. T. Erdoganyň 2024-nji ýylyň aprel aýynda Yraga guran sapary özara gatnaşyklarda öwrülşik nokady boldy.
Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda howpsuzlyk, söwda, oba hojalyk, medeniýet we transport ýaly ugurlarda 27 şertnama baglaşylypdy.
Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde baglaşylan şertnamalar özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berdi.
Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa as-Sudaniniň 2025-nji ýylyň maý aýynda Türkiýä guran resmi saparynyň çäginde hem Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy maslahaty geçirildi we 11 strategik resminama gol çekişildi.












