Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ysraýylyň agressiýasyna sezewar bolýan palestinalylara goldaw berjekdigini aýtdy we musulmanlaryň Gündogar Iýerusalimdäki hukuklaryndan asla ýüz öwürmejekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan Daşary işler ministrliginiň Ankara şäherindäki täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş etdi.
Ol Iýerusalimi Mekge we Medine bilen birlikde musulmanlar üçin mukaddes ruhy merkez hökmünde häsiýetlendirip, Türkiyäniň 1967-nji ýylyň serhetleri esasynda Gündogar Iýerusalimi paýtagt hökmünde garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegi ugrunda tagalla etjekdigini belledi.
Erdogan: “Ysraýylyň rehimsiz hüjümleriniň astynda ýaşamak üçin göreş alyp barýan Gaza halkynyň ýanynda durmagymyza hiç kim päsgel berip bilmez” diýdi.
Şäheriň musulmanlaryň dolanşygy astyndaky taryhyna ünsleri çeken Erdogan, şol wagtlar hristianlaryň we ýewreýleriň hukuklarynyň hormatlanýan parahatçylygyň we abadançylygyň ýurduna öwrülendigini aýdan Erdogan, Türkiyäniň Iýerusalimi “parahatçylyk, asudalyk we howpsuzlyk şäheri” etmek ugrundaky göreşlerini arman-ýadaman dowam etdirjekdiklerini aýtdy.
Ysraýyl bilen bagly tankydy bellikler
Prezident genosid jenaýatçysy Netanýahuny ýazgaryp, Ysraýyly sebitdäki durnuksyzlygy güýçlendirmekde aýyplady. Ol: "Zulum, genosid, wagşyçylyk we bigünä çagalaryň pidalary arkaly özleri üçin howpsuz geljegi gurup bilerin diýip pikir edýänler, taryhdaky beýleki adamlar ýaly hökman şowsuzlyga uçrar we dökülen gana gark bolarlar" diýdi.
Ysraýylyň eden-etdiliginiň astynda bolan Siriýadan Ýemene, Liwandan Katara çenli ähli halklar bilen raýdaşlyk içinde boljakdyklaryny bellän Erdogan: “Dartgynlylygy isleýänlere, sebitimizi gan deňzine öwürmek isleýänlere we sebitimizdäki durnuksyzlygy güýçlendirýänlere garşy şu günki gün bolşy ýaly ertirki gün hem nesip bolsa dik aýakda durarys" diýdi.
Erdogan, Türkiyäniň milli bähbitlerini goramak bilen bir hatarda birnäçe krizisi dolandyrandygyny aýtdy. Balkanlardan Merkezi Aziýa, Afrikadan Latyn Amerika we Ýewropadan Aziýa-Ýuwaş ummanyna çenli durnuklylygy ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryna ünsleri çekdi. Ol: "Türkiye, güýçliniň dogry bolan däl, dogrynyň güýçli bolan bir dünýä ynanýar we şolar ýaly dünýä ugrunda göreş alyp barýar” diýip belledi.
Daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlaryň arasynda durnuklylygy saklamak, parahatçylygy gorap saklamak, abadançylygy ýokarlandyrmak we doganlygy berkitmek ýaly ugurlary aýdyp geçen Erdogan Türkiyäniň ýaranlaryna goranyş, ykdysady ösüş we halkara platformalarynda hukuklaryny goramak ugrunda berýän goldawyny ýatlatdy.
Erdogan Daşary işler ministrliginiň taryhy barada öwgüli sözler aýtdy we ministrligi "Türk býurokratiýasynyň buýsanjy" hökmünde häsiýetlendirdi.
Täze ministrlik binasynyň Türkiyäniň global pozisiýasyny alamatlandyrjakdygyny, ekologik we estetiki taýdan dizaýn edilendigini we Ankaranyň täze nyşanlarynyň biri bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
Erdogan: “Bu gurluş türk diplomatiýasynyň ýadyny, şu gününi we geljegini bir ýerde jemlär” diýip nygtady.















