SYÝASAT
1 minut okamak
“Kuba ABŞ-nyň howplaryna we şantažlaryna boýun egmez”
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kubany nyşana alyp biljekdiklerini aýtdy.
“Kuba ABŞ-nyň howplaryna we şantažlaryna boýun egmez”
“Kuba ABŞ-nyň howplaryna we şantažlaryna boýun egmez” / Reuters

Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodriguez anna güni Kubanyň ABŞ-nyň basyşyna garamazdan özygtyýarlygyny goramaga dowam etjekdigini nygtady.

Rodriguez Waşingtony 60 ýyldan gowrak wagt bäri hüjüm ediji syýasatyny dowam etdirmekde günäkärledi.

Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodriguez X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Waşingtonyň 67 ýyldan gowrak wagt bäri Kuba garşy alyp barýan hüjüm ediji syýasatyny dowam etdirýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň abaý syýasatlaryna boýun egmejekdiklerini aýdan Daşary işler ministri “Muňa garşy biziň arkamyzda akyl bar, halkara hukugy bar we halkyň ýurduna bolan wepalylygy bar” diýdi.

Daşary işler ministri Bruno Rodriguez “Biz kubalylar ýurdumyzy satmaga, howplara we şantažlara boýun egmeris” diýdi.

Kubanyň dünýäde parahatçylygyň ýola goýulmagy we eşretli gelejegi üçin bogun egmejekdigini aýdan Rodriguez “Kubany gorarys. Bizi tanaýanlar bu meselede egilşik etmejekdigimizi bilýär” diýip belledi.

Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodriguez 5-nji ýanwarda Latyn Amerika we Kaip döwletleri bileleşigine ABŞ-nyň hüjümlerine garşy sebitiň howpsuzlygynyň we özygtyýarlygynyň goralmagy boýunça çagyryş edipdi.

Rodriguez ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümi sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyna ünsi çekipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 7-nji ýanwarda Karip döwletlerinden biri bolan Kubany nyşana alyp biljekdiklerini aýdypdy.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”