Gollandiýada 250 müň adam Ysraýyla garşy ýöriş geçirdi

Protest ýörişinde Gollandiýanyň hökümetiniň, syýasatçylaryň we halkyň Ysraýyla garşy berk tutum alyp barmagy islendi.

Gollandiýada 250 müň adam Ysraýyla garşy ýöriş geçirdi / AA

Amsterdamyň köçelerinde Gazada dowam edýän genoside garşy Gollandiýanyň hökümetiniň berk tutum alyp barmagyny talap edýän “Gyzyl çyzyk” protestleri geçirildi.

Guramaçylara görä, ýekşenbe güni geçirlen protest ýörişine 250 müň adam gatnaşdy. Protest ýörişi soňky ýyllarda Gollandiýada geçirlen iň uly protest ýörişi hökmünde bellige alyndy.

Gyzyl egin eşik geýen protestçylar, hökümetiň Ysraýyla garşy berk tutum alyp barmagyny isledi.

Guramaçylar maý we iýun aýlarynda Gagada geçirlen ozalky “Gyzyl çyzyk” protestlerine 10000 müň we 150 müň adamyň gatnaşandygyny mälim etdi.

Üçünji “Gyzyl çyzyk” protestiniň bolsa söweşiň bes edilmegi maksady bilen geçirilýändigi bellenildi.

Guramaçylar “Saýlaw aýynyň dowamynda paýtagta gyzyl çyzyk çekip syýasatçylara we gollandiýanyň halkyna Palestin meselesine ünsli çemeleşmekleri üçin çagyryş berýäris” diýildi.

Protest ýörişine 130-dan gowrak adam hukuklary guramasy goldaw berdi.

“Genoside goldaw bermekden ýüz öwüriň”

Protestçylar Gollandiýanyň genoside goldaw bermekden ýüz öwürmegi üçin çagyryş berdi.

Protest ýörişinde Gazada Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümlerinde 67 müňden gowrak adamyň ýogalandygyna ünsi çekdi we hüjümleriň gyssagly bes edilmegini isledi.

Premýer-ministr Dik Sjhooh X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, protestçylaryň gahar gazabyna düşünýändigini aýtdy.

“Gazadaky gam-gussa kabul edilip bilinmez” diýem Sjhoof, hökümetiň Ysraýyla garşy basyş edýändigini we hüjümleriň bes edilmegi baradaky tagallalara goldaw berýändigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hüjümleriň bes edilmegi baradaky teklibini “umytlandyryjy” hökmünde häsiýetlendiren Sjhoof, Gollandiýanyň Kataryň we Müsüriň söweşiň bes edilmegi üçin edýän tagallasyna goldaw berýändigini ýatlatdy.