Türkiye 13 ýyllyk arakesmeden soň Siriýa ilkinji ilçisini belledi
Türkiye Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz Siriýa ilçi wezipesine bellendi.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmazy Türkiyäniň Damaskdaky täze ilçisi wezipesine belledi. Ilçi Türkiyeden Siriýa 13 ýyldan soň ilkinji gezek bellendi.
Bu yglan çarşenbe güni Resmi Gazetde çap edildi we Erdogan tarapyndan gol çekildi.
Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Ýylmazy kabul edip, ony täze wezipesi bilen gutlady.
Ýylmaz Prezident Erdogana we Daşary işler ministri Hakan Fidana wezipä bellemekleri sebäpli minnetdarlyk bildirdi.
Daşary işler ministriniň orunbasary Ýylmaz X hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiye bilen Siriýanyň arasynda asyrlardan bäri dowam edýän berk ynsanperwer we medeni gatnaşyklardan güýç alyp, gatnaşyklarymyzy goňşuçylyk gatnaşyklaryna we sebitimiziň parahatçylygyna we durnuklylygyna goşant goşýan görnüşde ösdürmek üçin tagalla ederis” diýdi.
Ýylmaz şeýle hem: "Men Türkiyäniň Siriýa halkyna iň kyn günlerinde nähili goldaw berendigine şaýatlyk etdim. Mundna soň hem Türkiye döwleti hökmünde biz halklarymyzyň abadançylygyny we parahatçylygyny üpjün etmek, şeýle hem umumy geljegimizi bilelikde kemala getirmek üçin siriýaly doganlarymyz bilen işleşmegi dowam etdireris" diýdi.
ABŞ-nyň Türkiyedäki ilçisi we Siriýa boýunça ýörite wekili Tom Barrak täze bellenen ilçi Ýylmazyň Siriýadaky “taryhy” wezipesine başlamagy bilen birlikde, onuň bilen ýakyndan işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.