SYÝASAT
2 minut okamak
Fransuz kazyýetiniň karary Le Peniň prezidentlik arzuwyny puja çykararmy?
Prokurorlar Le Peniň  azyndan bäş ýyl azatlykdan mahrum edilmegini, 324,000 Amerikan dollary möçberinde jerime tölegini we bäş ýyl möhlet bilen döwlet işinde işlemezligini talap etdiler.
Fransuz kazyýetiniň karary Le Peniň prezidentlik arzuwyny puja çykararmy?
28 Mart 2025

Fransiýanyň kazyýeti duşenbe güni aşa sagçy liderlerden Marin Le Pen, Ýewropa Parlamentindäki galp iş orunlary bilen baglanyşykly kazyýet işinde diňlener. Kazyýetiň kabul etjek karary onuň 2027-nji ýylda prezidentlige dalaşgärlik hukugyny ortadan aýyryp biler.

Üç gezek prezidentlige dalaş eden Le Pen 2027-nji ýylda Fransiýanyň prezidentligini saýlanmak üçin iň gowy mümkinçiliginiň bardygyny pikir edýar we özüniň hiç hili nädogry hereket etmändigini beýan edýär.

Emma bu işde Le Pen bilen birlikde Milli jebisligiň (RN) beýleki ýokary derejeli wekillerini hem jenaýat işine çeken prokurorlar, kazyýetden Le Peniň azatlykdan mahrum edilmegi we döwlet işinden mahrum edilmegini talap etdiler.

Eger-de kazyýetiň şol talaby kabul etse, Le Pen şikaýat etse-de, bu gadagançylyk güýje girer we ony prezident saýlawlaryna gatnaşmakdan mahrum eder.

2024-nji ýyldaky saýlawlardan soň RN parlamentde wekilçilik edilýän iň güýçli partiýa boldy. Le Pen immigrasiýa we ýaşaýyş çykdajylary baradaky jemgyýetçilik aladalarynyň üstünde durup, 2027-nji ýylda Eliseý köşgüni eýelemek üçin mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýar.

Ol geçen ýyl şol wagtky premýer-ministr Mişel Barnieriň hökümetini hökümetden çetleşdirmekde hem möhüm rol oýnady, bu bolsa onuň güýjüni görkezýär.

Eger-de Le Pen ýeňiläýse, RN partiýasynyň lideri, 29 ýaşly Jordan Bardella onuň ornuny tutmaga taýýar. Emma partiýanyň içinde-de onuň prezidentlik kampaniýasy üçin tejribesi bilen bagly şübheler bar.

Le Pen 2011-nji ýylda Milli Front (FN) partiýasynyň ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy we partiýany saýlawda üstün çykarmak hem-de onuň esaslandyryjysy we kakasy Jean-Marie Le Pen bilen baglanyşykly mirasdan saplamak düýpli özgerlişikler etdi. Ol partiýanyň adyny Milli Jebislik diýip üýtgetdi.

Le Pen bilen birlikde onuň partiýasy hem kazyýetde. Prokurorlar RN partiýasynyň 4.6 million Amerikan dollary jerime tölemegini talap edip, şnuň ýarysynyň yza süýşürilmegini teklip etdiler.

 Jemi 24 adam jeneýat işine çekildi, şol sanda Ýewropa Parlamentiniň ozalky dokuz agzasy we olaryň 12 kömekçisine iş gozgaldy.

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Erdogan Yragyň Premýer-ministri Sudani bilen söwda we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldiş işleri dowam edýär
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär