SYÝASAT
2 minut okamak
Trampyň BAE-ne guraýan saparynda EA üns merkezinde
Eger-de ähli teklip edilen çip şertnamalary Pars aýlagy döwletlerinde, aýratyn-da BAE-de amala aşyrylsa, sebit ABŞ we Hytaýdan soň global emeli aň bäsleşiginde üçünji güýç merkezine öwrüler.
Trampyň BAE-ne guraýan saparynda EA üns merkezinde
Trampyň BAE-ne guraýan saparynda bilen EA üns merkezinde / Reuters

ABŞ Prezidenti Donald Tramp penşenbe güni Katara gurajak gysga saparyny ABŞ-nyň goşunlaryna ýüzlenip etjek çykyşy bilen tamamlar we soň Birleşen Arap Emirliklerine barar. Bu ýerde ýolbaşçylar baý aýlag döwletini emeli aň boýunça dünýä liderine öwürmek üçin ABŞ-nyň goldawyna umyt baglaýarlar.

Çarşenbe güni habar berlişi ýaly, ABŞ bilen BAE-niň arasynda “Nvidia” kompaniýasynyň ösen emeli aň çiplerinden ýylda 500,000 sanysyny import etmek boýunça deslapky ylalaşyk gazanyldy. Şol ylalaşyk emeli aň modellerini ösdürmek üçin gerek bolan maglumat merkezleriniň döredilmegine ýardam berer. Emma bu ylalaşyk ABŞ-nyň hökümetiniň käbir agzalarynda milli howpsuzlyk boýunça alada döretdi we şertler üýtgäp biler.

Trampyň Pars aýlagy ýurtlaryna dört günlük saparynyň dowamynda birnäçe söwda şertnamalary baglaşyldy. Şolaryň arasynda “Qatar Airways” kompaniýasynyň 210 sany uly “Boeing” uçaryny satyn almak, Saud Arabystanynyň ABŞ-da 600 milliard dollar maýa goýma borçnamasy we ABŞ-dan 142 milliard dollarlyk ýarag satyn almak hakyndaky ylalaşyklar bar.

Emeli aň üns merkezinde

Bu saparyň dowamynda diplomatik duşuşyklar hem geçirildi. Tramp sişenbe güni garaşylmadyk ýagdaýda ABŞ-nyň Siriýa garşy uzak wagtlap dowam eden sanksiýalaryny aýyrjakdygyny yglan etdi we soň Siriýanyň Prezidenti Ahmed Al Şara bilen duşuşdy.

Penşenbe güni Tramp Dohanyň günorta-günbataryndaky çöl zolagynda ýerleşýän we Ýakyn Gündogardaky iň uly Amerikan harby desgasyny öz içine alýan Al Udeid harby howa bazasynda ABŞ-nyň goşunlaryna ýüzlenip çykyş eder. Soň bolsa Abu-Dabä baryp, BAE-niň döwlet Yolbaşçysy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahýan we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşar.

Saparyň soňky böleginde emeli aňiň üns merkezinde bolmagyna garaşylýar.

Ozalky Prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy ABŞ-nyň emeli aň çipleriniň Ýakyn Gündogara we beýleki sebitlere eksportyna berk gözegçilik girizipdi. Baýdeniň administrasiýasy şol gymmatly çipleriň Hytaýa ugradylmagy netijesinde Pekiniň harby güýjüni artdyrmagyna hem alada bildirilýärdi.

 Tramp, administrasiýasynyň esasy maksatlarynyň biri hökmünde käbir Aýlag ýurtlary bilen gatnaşyklary gowulandyrmagy öňe sürdi. Eger-de Aýlag sebitindäki döwletlerde, aýratyn-da BAE-de teklip edilýän çip ylalaşyklary iş yüzüne geçse, sebit ABŞ-dan we Hytaýdan soň dünýäniň emeli aň bäsleşiginde üçünji merkezine öwrülip biler.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Prezident Erdogan BMG-nyň münberinde dünýä ýurtlaryna ýüzlener
Russiýada parlament saýlawlary geçirilýär
Irlandiýa Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy sebäpli Euroviziýa boýkotyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Şugün kabul edilen kararlar strategik deňagramlylygy kesgitlär”
Türkiýe Husileriň Mekge şäheriniň golaýyna guran hüjümini ýazgardy
ABŞ Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasa wiza bermedi
Fidan: “Türkiýe bilen Azerbaýjan ýerleşýän sebitinde iki durnuklylyk adasy”
ABŞ-da Eýrana guralýan hüjümleriň bes edilmegini maksat edinýän taslama tassyklandy
ABŞ bilen Siriýa özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara howpsuzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy
Somalide Türkiýä minnetdarlyk ýörişi geçirildi
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Daşary işler ministri Fidany kabul etdi
Erdogan: “Halkymyzy howplardan goradyk”
Türki döwletleriň arasynda “TÜRKPOL” döredilýär
Tramp: “Respublikaçylar araky saýlawlarda ses bermese dowzaha giderler”
Tramp 11-nji sentýabr hüjümleriniň 25-nji ýylynda Pentagonda hatyralama çäresini geçirer
Türkiýe Siriýa gynanç bildirdi
Britaniýanyň Premýer-ministri: “Gazada başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edip bilmeris”
Ysraýylda çap edilýän gazet karzly amerikalylar üçin Eýrany basyp almagy teklip etdi
Erdogan: Türkiýe Eýran-ABŞ dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu: “Biziň esasy wezipämiz Eýranyň hökümetini agdarmak”