Erdogan “Taryhy jogapkärçiligimiziň esasynda parahatçylygyň ýola goýulmagynda ygrarlydyrys” diýdi

Prezident R. T. Erdogan halkara diplomatik tagallalary güýçlendirmegi wada berdi.

By
Erdogan “Taryhy jogapkärçiligimiziň esasynda parahatçylygyň ýola goýulmagynda ygrarlydyrys” diýdi / AA

Prezident R. T. Erdogan anna güni Türkmenistanda geçirlen forumda eden çykyşynda halkara diplomatik tagallalary güýçlendirmegi wada berdi.

Erdogan halkara forumda eden çykyşynda Türkiýäniň parahatçylygyň ýola goýulmagy we diplomatiýanyň üstün çykmagy meselesinde ygrarlydygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirlen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş eden Erdogan, Türkiýäniň taryhynyň, ýerleşýän geografiýasynyň we medeniýetiniň berýän jogapkärçiligi esasynda hereket edýändigini, parahatçylygyň ýola goýulmagy we diplomatiýanyň üstün çykmagy üçin uly tagalla edýändigini nygtady.

Ýakyn Gündogar sebitinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçen Erdogan, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara ähli palestinlileriň degişli edilmegynyň we goşant goşmaklarynyň möhümdigini belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, oktýabr aýynda Gazada Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşygyň käbir düzgün bozmalara garamazdan dowam edýändigini nygtady.

 Erdogan ylalaşyga berilýän halkara goldawyň dowam etdirilmegi barada çagyryş etdi.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy

Prezident Erdogan dünýä ýurtlarynyň liderleriniň gatnaşmagynda paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik bitaplyk ýadigärligine gül goýulşyk dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan we myhman döwlet we hökümet baştutanlary bilen birlikde dabara gatnaşdy.

Prezident Erdogan forumyň geçirilýän ýerinde geçirlen resmi garşylama dabarasyndan soň ýadigärlik surat aldyrdy.

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusynyň 30 ýyllygy mynasibetli we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hökmünde yglan edilmegini belläp geçmek maksady bilen halkara forum geçirilýär.