SYÝASAT
2 minut okamak
“Gazada genosidiň dowam etmeginiň netijesi agyr bolar"
Prezident R. T. Erdogan Gazada genosidiň dowam etmeginiň netijesiniň agyr boljakdygy barada duýduryş berdi.
“Gazada genosidiň dowam etmeginiň netijesi agyr bolar"
“Gazada genosidiň dowam etmeginiň netijesi agyr bolar"
11 Oktýabr 2025

Prezident R. T. Erdogan anna güni beren beýannamasynda, Gazada genosidiň gaýtalanmagynyň netijesiniň agyr boljakdygyny nygtady.

Prezident Erdogan Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi.

Ysraýyl bilen Hamas penşenbe güni ir ertir Müsüriň Şarm al-Şeýh şäherinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan hödürlenen 20 maddalyk meýilnama laýyklykda ylalaşyk gazanandyklaryny mälim edipdi.

Meýilnamanyň birinji tapgyry, hüjümleriň gyssagly bes edilmegini, ýesirleriň we tussaglylaryň boşadylmagyny, Ysraýylyň Gazada kesgitlenen sebitlerden çekilmegini we Gaza yzygiderli ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini öz içine alýar.

Meýilnama şeýle hem halkara jemgyýetiniň Gazanyň gaýtadan dikeldiş etabyna goldaw bermegini öz içine alýar.

Türkiýäniň Garadeňiz sebitinde ýerleşýän Rize welaýatyna iş saparyny guran Prezident Erdogan, Türkiýäniň Gazada gysga wagtda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin elinden geleni etmäge dowam etjekdigini aýtdy.

“Indi gan dökülmesin”

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşyk hakynda durup geçen Erdogan, ylalaşygyň şertleriniň doly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady. Prezident Erdogan Ankaranyň bu etaba goşant goşjakdygyny belledi.

“Sebitimiz esasan Gazada has köp ganyň dökülmegine, gyrgynçylyklara we gözýaşlaryna sahna boldy” diýen Erdogan, parahatçylyk üçin amatly şertiň döredilmelidigini nygtady.

Ylalaşygy ähli kynçylyklara garamazdan parahatçylyga tarap barýan ýolda ädilen “aýgytly ädim” hökmünde häsiýetlendiren Erdogan, “Gazada yzygiderli parahatçylyk gapysy açyldy we indi gan dökülmesin” diýip belledi.

ABŞ, Ysraýylyň harby goşunynyň ilkinji tapgyrda sary liniýa çekilendigini mälim etdi.

Hamasyň ilki 20 ýesiri boşatmagyna we ysraýylly 28 adamyň jesedini yzyna bermegine garaşylýar.

Ysraýyl hem ömür boýy azatlykdan mahrum bilen 250 palestinli bilen 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan soň tussag edilen 1700 palestinlini boşadar.

 

 

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär