TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe, Ysraýylyň Siriýadaky türk güýçlerini nyşana alandygy hakyndaky garaýyşlaryny ret etdi
Türkiýe Respublikasynyň Milli Goranmak ministrligi, Ysraýylyň hüjümleriniň öňü alynman halatynda onuň tutuş sebite zeper ýetirjekdigi dogrusynda duýdyryş berdi.
Türkiýe, Ysraýylyň Siriýadaky türk güýçlerini nyşana alandygy hakyndaky garaýyşlaryny ret etdi
11 Sentýabr 2025

Türkiýe Respublikasynyň Milli Goranmak ministrligi, Ysraýylyň Siriýada Türk ýaragly güýçlerini nyşana alandygy hakyndaky garaýyşlarynyň asylsyzdygyny mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginden penşenbe güni berlen beýannamada, Ysraýylyň Katara guran hüjümlerine üns çekildi we Tel-Awiwiň terrory döwletiň syýasatyna öwürendigi we parahatçylyga garşydygy nygtaldy.

Ysraýylyň Katara hüjüm guramak bilen onyň özygtyýarlygyny basgylandygyny ýatlatdy we hüjüme garşy Katara goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Jogapkärçiliksiz hüjümler

 Halkara jemgyýetçiligine gyssagly işe girişilmegi üçin çagyryş beren Milli Goranmak ministrligi, Ysraýylyň hüjümleriniň öňü alynman halatynda onuň Ýakyn Gündogara uly zeper ýetirjekdigi dogrusynda duýdyryş berdi.

Ysraýylyň Dohada Hamasyň wekillerine guran howa hüjümine, Kataryň özygtyýarlygynyň we halkara hukugynyň basgylanmagyna berk garşylyk görkezildi we dünýä ýurtlary hüjümi ýazgardy.

Ysraýylyň hüjümde Hamasdan 5 adam bilen katarly howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy.

Hamas ýolbaşçylarynyň hüjümden halas bolandygyny mälim etdi.

 

 

 

 

 

Öwren
Hakan Fidan Halapdaky möwjeýän çaknyşyk şertlerinde ÝPG-niň bitewi Siriýany goldamaga çagyrdy
Türkiýäniň ABŞ-daky ilçisi amerikaly senator bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Erdogan we Enwer Türkiye-Malaýziýa hyzmatdaşlygynyň çuňlaşjakdygyny aýtdylar
Erdogan Trampa: “Wenesuela durnuksyzlyga sezewar edilmeli däl” diýdi
Erdogan Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Wenesuela we Gaza meselelerini gozgady
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkiýe terror guramasy DEAŞ-a garşy göreşini dowam etdirýär
Türk Howa Ýollary 2,3 milliard dollardan gowrak maýa goýum bilen iň uly ýük terminalyny gurar
Stambulda on müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Palestina goldaw ýöriş geçirildi
Fidan: Türkiye 2026-njy ýylda parahatçylyk we diplomatik tagallalaryny dowam etdirer
Erdogan Täze ýyl gijesi esgerlere beren ýüzlenmesinde Türkiyäniň harby üstünliklerini öwdi
Prezident Erdogan Türkiyäniň Gündogar Ortaýer deňzinde öjükdirmelere çydam etmejekdigini aýtdy
Türkiye Somali bilen energiýa we howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk eder
Türkiyede DAIŞ terrorçylygynda şübhelenilýän 350-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy
HÜRJET ylalaşygy Türkiyäniň goranyş eksportynda taryhy öňegidişligi alamatlandyrýar
Türk Dil Guramasy 2025-nji ýylyň sözüni yglan etdi: “Sanly wyždan”
Ýalowadaky terrora garşy göreş operasiýasynda DAIŞ-e agza azyndan 6 terrorçy öldürildi
Türkiyäniň demirgazyk-günbatarynda DAIŞ-e garşy terror operasiýasynda 7 polisiýa işgäri ýaralandy
Türkiye täsirsiz ýagdaýa getirlen uçarmansyz howa ulaglarynyň galyndylaryny derňeýär
Prezident Erdogan Ysraýylyň ynsanperwer kömek gabawyny ýazgardy