Liwiýanyň gündogaryna gözegçilik edýän güýçler, Bengazi portuna guralan dron hüjüminde agyr ýaralanan iki esgeriň ýogalandygyny habar berdi.
Baş serkerdelik tarapyndan berlen beýannamada, hüjümde agyr ýaralanan Al-Taher Abdullah al-Sadig bilen Ali Mohammed al-Saidiň ýogalandygy nygtaldy.
Liwiýanyň gündogardaky merkezi hökümetiň lideri Ossama Hamad mesele hakynda beren beýannamasynda, dron hüjüminde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.
Hamad, iki esgeriň Ukrainanyň Bengazi portuna guran hyýanatçylykly hüjüminde ýaralandygyny ýatlatdy.
MASLAHAT BERILÝÄR
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, rus flodyna degişli gämä guralan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Zelenskiý ady agzalýan hüjümlerde Ukraina degişli 7 dronyň ulanylandygyny aýtdy.

















