Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident R. T. Erdogan halkara jemgyýetçiligine diplomatiýany güýçlendirmek üçin birlikde işleşmek barada çagyryş etdi.
Prezident R. T. Erdogan bilen Italiýanyň Premýer-ministri Giorgia Meloni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Meloni telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilýän çaknyşyklar we özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan anna güni geçiren telefon söhbetdeşliginde Eýranda başdan geçirilýän soňky wakalar we şol wakalaryň sebit ýurtlaryna ýetirýän täsiri bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Melona taraplara sebitde dartgynlygyň has çuňlaşmagyna sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklaryny maslahat berendigini aýtdy.
Türkiýäniň diplomatiýanyň güýçlendirilmegini isleýändigine ünsi çeken Erdogan, halkara jemgyýetçiliginiň şol maksada laýyklykda birlikde işleşmegi üçin çagyryş etdi we çaknyşyklaryň dünýäniň howpsuzlygyna wehim salýandygy barada duýduruş berdi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň söwda gatnaşyklarynyň başda durmagynda Rim bilen ähli taraplaýyn edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin tagalla edýändigini belledi.
Italiýanyň Premýer-ministri Meloni hem raketa hüjümlerine garşy arkalaşykly hereket edilmegine goldaw berdi.
Meloni NATO agza Türkiýä guralan raketa hüjümini “kabul edilmesiz” hökmünde häsiýetlendirdi.
Hepdäniň başynda Eýrandan türk howa giňişligine atylan ballistiki raketa hatardan çykarlypdy.
Wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys
Italiýanyň Premýer-ministri Meloni anna güni beren beýannamasynda Italiýanyň Ýakyn Gündogarda möwjeýän dartgynlyk bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny we raýatlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin ýaranlary bilen birlikde işleşýändiklerini we diplomatik tagallalara goldaw berýändiklerini aýtdy.
Meloni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda hökümetiniň mesele bilen ýakyndan gyzyklandygyny we sebitdäki hyzmatdaşlary bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.
Raýatlarynyň howpsuzlygynyň goralmagynyň esasy meseledigini aýdan Meloni, şol bir wagtda dartgynlygyň gowşamagy üçin edilýän tagallalara goldaw berýändiklerini belledi.
Italiýanyň Premýer-ministri Meloni öňümizdäki günlerde mejlisde halk deputatlaryna Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berjekdigini ýatlatdy.