Pakistanyň harby goşuny, soňky iki günde Pakistanyň demirgazyk günbatarynda geçirlen operasiýalarda 19 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.
Penşenbe güni berlen beýannama görä, Haýber Pahtunkhwa sebitiniň Mohmand etrabynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda azyndan 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Goňşy ýurt Owganystan bilen serhetdeş Demirgazyk Weziristan sebitinde geçirlen iki operasiýada hem 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Operasiýalarda öldürlen terrorçylaryň ýaraglary we ok-därileri ele salyndy.
Kabul günäkärlemeleri kabul etmeýär
Pakistanyň harby goşunyndan berlen beýannamada, Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýurtdaky terror belasyny dolulygyna ortadan aýyrmak üçin sebitde operasiýalaryny dowam etdirýändigi nygtaldy.
Pakistan soňky ýyllarda howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan hüjümleriň artýandygyny nygtaýar we merkezi Owganystanda ýerleşýän Tehrike-Taliban Pakistana agza terrorçylar sebäpli Owganystany günäkärleýär.
Kabul bolsa günäkärlemeleri kabul etmeýär.