Türk goranyş pudagynyň esasy firmalaryndan “ASELSAN” Tehnofest Stambulda Polat Gümmez tejribe meýdançasyny döredip, gelenlere awia howplara garşy ulgamyň nähili işleýändigini janlandyrylan görnüşde tanyşdyrýar.
Bäş gün dowam etjek tehnologiýa we awiasiýa çäresi Tehnofest, çarşenbe güni Stambulda açyldy. Festiwal Türkiýe Tehnologiýa Gaznasy (T3) we Türkiýäniň Senagat hem-de tehnologiýalar ministrligi tarapyndan guralýar.
Festiwalyň çäginde tehnologiýa bäsleşiklerinden uçuş şoularyna çenli birnäçe çäre guralyp, Polat Gümmez howa goranyş ulgamy ähli taraplaýyn tanyşdyrylýar.
Festiwala gelenlere döwrebap wizual tehnologiýalar arkaly Polat Gümmez ulgamynyň komponentleriniň howplara garşy nähili goraglary ýola goýýandygy görkezilýär.
Türk firmasy TF6000-i synagdan geçirýär
“TUSAŞ Motor Sanaýii AŞ” firmasy (TEI) dolulygyna ýerli şertlerde dizaýn edilen we öndürilen turbofen hereketlendirijisi TF6000-i synagdan geçirdi.
Firmanyň baş Müdiri Mahmut Akşit hereketlendirijiniň Türkiýäniň “Anka 3” ýaly uçarmansyz howa enjamlary üçin dizaýn edilendigini aýtdy.
Akşit şeýle hem hereketlendirijiniň yzky ýakyjy görnüşi bolan we 10 müň İbf ýa-da has ýokary itiş güýjüne eý ebolan TF10000-iň Türkiýäniň “Gyzylalma” ýaly uly göwrümli uçarlarynda peýdalanyljakdygyny beýan etdi.
Akşit: “ Yzky ýakyjy bilen bilelikde TF6000 hereketlendirijimiziň güýjüni 10 müň libre itiş toparyna göterýäris. Ýagny ol at güýji hökmünde birmeňzeş derejelere göterilýär” diýdi.















