Türkiýäniň howa, gury ýer we deňiz platformalaryna gönükdirlen maýa goýumlaryň netijesinde öndürlen ýerli we milli önümleriň şeýle hem ok-därileriň eksportynyň artmagy bilen goranyş we awiasiýa senagatynyň jemi eksportdaky paýy ýokarlanýar.
Russiýa-Ukraina söweşiniň başda durmagynda dünýäniň çar tarapynda ýüze çykan howpsuzlyk meseleleri, ýurtlaryň gury ýer, deňiz we howa platformalaryna şeýle hem dronlara olan islegini artdyrýar.
Türkiýe ýerli mümkinçiliklerinden peýdalanyp dost we ýaran ýurtlaryň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrýar.
Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, goranyş we awiasiýa senagatynyň eksporty Kowid-19 epidemiýasynyň başdan geçirlen ýyly bolan 2020-njy ýylda 2 milliard 279 million dollara barabar bolupdy.
Epidemiýanyň ýaramaz täsiriniň azalmagy bilen birlikde eksport 2021-nji ýylda 3 milliard 225 million dollara ýetdi.
Eksportdaky artyş soňky ýyllarda hem dowam etdi.
Goranyş we awiasiýa senagatynyň eksporty 2022-nji ýylda 4 milliard 396 million dollara, 2023-nji ýylda 5 milliard 546 million dollara, 2024-nji ýylda 6 milliard 735 million dollara baryp ýetdi.
2025-nji ýylda bolsa eksport 10 milliard 16 million dollara çenli baryp ýetdi we ilkinji gezek 10 milliard dollar çägini geçdi.
Şeýlelikde goranyş we awiasiýa pudagynyň eksporty 2020-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli yzygiderli ýagdaýda artdy.
Goranyş we awiasiýa pudagynyň eksportynyň ösüş depginini 2026-njy ýylda hem dowam etdirmegine garaşylýar.





















