Türkiýäniň ilkinji gezek ýer eýeçiligini edýän Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji konferensiýasyna 6 yklymdan 95 ýurduň we 7 halkara guramasynyň liderler derejesinde gatnaşjakdygy habar berildi.
Türkiýe ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji konferensiýasyna (COP31) ýer eýeçiligini edýär we oňa 6 yklymdan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Sammite 95 ýurduň lideriniň we 7 halkara guramasynyň wekilleriniň liderler derejesinde gatnaşjakdygy aýan edildi.
Daşky gurşaw, şäher gurluşyk we howanyň üýtgemegi ministrliginiň beýanatyna görä, 9-20-nji noýabr aralygynda Antaliýadaky COP31 meýdançasynda geçiriljek sammitde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan 196 ýurt we Ýewropa Bileleşigi bir ýere jemlener.
COP31-e alty yklymdan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýarka, 95 ýurduň lideri, şeýle hem ýedi halkara guramanyň wekilleriniň liderler derejesinde gatnaşjakdygyny aýan edildi. Bu liderleriň arasynda 37 döwlet baştutany, 35 hökümet baştutany, 8 wise-prezident, 7 wise-premýer, 2 mirasdüşer şazada, 1 şazada, 1 parlamentiň başlygy we 4 ýörite wekil bar. Ýewropa Komissiýasy, BMG, BMG-niň Baş Assambleýasy, Bütindünýä Banky, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Halkara Energetika agentligi hem lider derejesinde gatnaşjakdygyny tassykladylar.
COP31-e liderler derejesinde Awstriýa, Beýik Britaniýa, Bosniýa we Gersegowinadan 2, Bolgariýa, Finlýandiýa, Kipriň Grek Bölegi, Gollandiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Italiýa, Çernogoriýa, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Demirgazyk Makedoniýa, Lihtenşteýn, Malta, Moldowa, Norwegiýa, Russiýa Federasiýasy, Sloweniýa, Ukraina, Botswana, Burundi, Alžir, Eswatini, Efiopiýa, Kot-d’Iwuar, Gabon, Gwineýa-Bissau, Komor, Kongo, Kongo Demokratik Respublikasy, Lesoto, Liwiýa, Madagaskar, Mali, Mawritaniýa, Mozambik, Ruanda, Seýşel, Somaliden 3, Sudan, Tanzaniýa, Azerbaýjandan 2, Bangladeş, BAE, Hytaý, Indoneziýa, Ermenistan, Palestina, Günorta Koreýa, Gruziýa, Yrak, Yragyň Kürt Awtonomiýasy, Eýrandan 2, Katardan 2, Gazagystandan 2, Gyrgyzystan, Kuweýt, Liwan, Maldiwler, Malaýziýa, Özbegistan, Pakistan, Siriýa, Saud Arabystany, Täjigistan, Türkmenistan, Wenesueladan 2, Antigua ve Barbuda, Bagama, Barbados, Sant Kitts we Newis, Saint Lusiýa, Awstraliýa, Kiribati, Marşal adalary, Mikroneziýa, Niue, Palau, Solomon adalary, Tonga, Tuwaludan gatnaşylar.
Türkiýe ilkinji gezek COP çäresine ýer eýeçiligini edýär
Türkiye ilkinji gezek COP guramasyna ýere eýeçiligini edýär. Türkiýäniň COP31 ýolbaşçylygyny, Prezidentiň düzgünnamasyna görä Daşky gurşaw, şäher gurluşyk we howanyň üýtgemegi ministri Murat Kurum tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkiýäniň COP31 maksatnamasy “dialog”, “konsensus” we “hereket” ýörelgelerine esaslanýan “Ýerine ýetirmek COP” hökmünde kesgitlenildi.






















