TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe Iordaniýada buthana guralan hüjümi berk ýazgardy
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Iordaniýanyň Karak şäherindäki buthanada guralan ýaragly hüjümi berk ýazgardy.
Türkiýe Iordaniýada buthana guralan hüjümi berk ýazgardy
Türkiýe Iordaniýada buthana guralan hüjümi berk ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Iordaniýanyň Karak şäherindäki buthanada guralan ýaragly hüjüm barada ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda buthanada guralan ýaragly hüjüm berk ýazgarylyp: "Hüjümde ýogalan adamlaryň maşgala agzalaryna we Iordaniýanyň halkyna gynanç bildirýäris we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýäris. Ýurduň jebisligine we parahatçylygyna gönükdirilen bu rehimsiz hüjümiň öňünde Iordaniýa bilen raýdaşlygymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys" diýip bellendi.

Iordaniýanyň Karak şäherindäki bir buthanada guralan ýaragly hüjümde ýedi adam ýogaldy, 27 adam ýaralandy.

Iordaniýanyň Premýer-ministri Jafar Hassan hüjümde ýogalan adamlaryň hatyrasyna üç günlük milli ýas yglan etdi.