Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Saud Arabystany bilen elektrik energiýasy taslamalarynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekilendigini mälim etdi. Memorandumda ACWA Power tarapyndan Türkiýede iki tapgyrda durmuşa geçiriljek jemi 5000 megawatt kuwwatly gaýtadan işlenýän energiýa taslamalarynyň çarçuwasy kesgitlenýär.
Alparslan Baýraktar “X” sosial media hasabyndan beren beýanatynda, prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Saud Arabystanynyň energetika ministri Abdulaziz bin Salman Al Saudyň arasyndaky duşuşyga özüniň hem gatnaşandygyny aýtdy.
Baýraktar duşuşykdan soň prezident Erdoganyň gatnaşmagynda Elektrik energiýasy taslamalarynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek memorandumyna gol çekendiklerini belläp: "3-nji fewralda Riýadda gol çekilen we 21-nji oktýabrda güýje giren hökümetara ylalaşygymyz bilen, ACWA Power tarapyndan ýurdumyzda iki tapgyrda durmuşa geçiriljek jemi 5000 megawatt gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalarynyň çarçuwasyny döretdik. Siwas we Karamanda 2000 megawatt gün energiýasy taslamalaryndan ybarat bolan birinji tapgyrda gazanylan öňegidişliklerden hoşaldyrys. Şu gün Antalýada gol çeken ylalaşygymyz bilen, ikinji tapgyrda maksat edinen goşmaça 3000 megawatt kuwwatymyzy durmuşa geçirmek ugrundaky işlerimizde täze tapgyra geçirýäris. Şu çäkde, ýokary woltly göni tok geçiriji infrastrukturasy we batareýa energiýasyny saklaýyş ulgamlary bilen goldanylýan ýel energiýasy elektrik stansiýalarynyň özgerdilmeigni göz öňünde tutýarys. Gaýtadan işlenýän energiýa kuwwatymyzy artdyrjak, elektrik ulgamy infrastrukturamyzy güýçlendirjek we ulgamyň çeýeligini ýokarlandyrjak bu maýa goýumlary bilen Saud Arabystany bilen strategik energiýa hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrarys. Türkiýäniň energiýa özgertmesine we maýa goýum gurşawyna bolan ynamy anyk taslamalara öwürmegi dowam etdireris" diýip belledi.



























