DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylyň ABŞ-Eýran ylalaşygyndan soň Liwana guran hüjüminde azyndan 4 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwanyň Şakra etrabynda hassahananyň golaýyna guran howa hüjümlerinde birnäçe adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň ABŞ-Eýran ylalaşygyndan soň Liwana guran hüjüminde azyndan 4 adam ýogaldy
Ysraýylyň ABŞ-Eýran ylalaşygyndan soň Liwana guran hüjüminde azyndan 4 adam ýogaldy / AP

Liwanyň Milli habarlar gullugy, Ysraýylyň çarşenbe güni ir ertir Liwanyň günortasyna guran howa hüjümlerinde azyndan 4 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Habarda howa hüjüminde Hiram hassahanasynyň golaýyndaky Žal al Bahr etrabyndaky bir binanyň nyşana alynandygy nygtaldy. Howa hüjüminde 4 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Ysraýylyň Şakra etrabynda saglygy goraýyş işgärlerini nyşana alan hüjüminde birnäçe adam ýaralandy.

Ysraýylyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Eýrana guralýan bombaly hüjümleriň iki hepde möhlet bilen bes edilendigi hakyndaky beýannamasynyň yzy ýanyndan Liwana hüjüm guramagy ünsleri özüne çekdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu iki hepdelik ylalaşygyň Liwany öz içine almaýandygyny nygtady.

Liwan 2-nji martda Ysraýylyň we ABŞ-nyň Eýrana garşy söweş başlatmagyndan we Eýranyň ozalky dini lideri Ali Hameneiniň öldürilmeginden soň Ýakyn Gündogar söweşine goşuldy.

Bu waka Tährana bagly şaýy topar Hizbullahyň Ysraýyla raketa hüjümlerini guramagyna sebäp boldy.

Şol günden bäri Ysraýyl, Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleri sebäpli 1500 adam ýogaldy, 1 milliondan gowrak adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi.

Liwanly ýolbaşçylara görä, Ysraýylyň hüjümlerinde 4500-den gowrak adam hem ýaralandy.

 

 

 

Öwren
Russiýa: "Ukraina we Ýewropa urşy dowam etdirmäge taýýarlyk görýär” diýdi
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
NATO-Ukraina Geňeşiniň maslahaty Brýusselde geçirildi
Siriýanyň Prezidenti Şara resmi sapar bilen Saud Arabystanyna gitdi
Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň Goranmak ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
ABŞ Abi-Dabide geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşiklerine töwellaçylyk eder
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Ysraýyl 10 gün soň Al Halilden çekildi
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
Keşm adasynyň golaýynda duşmanyň harby uçary sebitden çetleşdirildi
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys