DÜNÝÄ
1 minut okamak
Britaniýa bilen birlikde birnäçe ýurt Ysraýylly iki ministre Gaza sebäpli sanksiýa goýdy
Ysraýylyň hereketlerine garşy halkara derejesinde tankydy bellikleriň artmagyndan we Netanýahunuň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Gaza ynsanperwer kömeginiň girmegine rugsat bermegi üçin edilýän basyşlardan soň şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.
Britaniýa bilen birlikde birnäçe ýurt Ysraýylly iki ministre Gaza sebäpli sanksiýa goýdy
 

“Ze Taýmes” gazetiniň berýän habaryna görä, Britaniýa bilen birlikde beýleki hyzmatdaşlary Gazadaky söweş sebäpli aşa sagçy Ysraýylly ministrler İtamar Ben-Gwir bilen Besalel Smotriçe sanksiýa goýar.

Gazetiň berýän habaryna görä, London, Kanada, Awstraliýa we Täze Zelandiýa bilen birlikde beýleki ýurtlar, Ysraýylyň Milli howpsuzlyk ministri we Günbatar Şerialy ýaşaýjy Ben-Gwir bilen Maliýe ministri Smotriçiň emlagyny saklar we syýahat gadagançylygyny goýar.

Britaniýanyyň Daşary işler ministrligi mesele hakynda hiç hili maglumat bermedi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Gideon Saar bu göçümi “aşa” hökmünde häsiýetlendirdi.

Saar metbugata beren beýannamasynda, hökümetiň kabul edilmesiz karara degişli jogabyň berilmegi üçin nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişjekdigini aýtdy.

Britaniýa hem beýleki Ýewropa ýurtlary ýaly Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň hökümetine, Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine rugsat bermegi üçin basyş edýär.

London geçen aý Ysraýyl bilen erkin söwda gepleşiklerini Günbatar Şeriadaky we Gazadaky aksiýalary sebäpli saklapdy we Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrypdy.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammi, Ysraýylyň soňky hüjümini “çaknyşykda täze garaňky tapgyr” hökmünde häsiýetlendirdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Russiýa: Germaniýanyň we Britaniýanyň goranmak ministrleriniň “akyllary ýerinde däl"
Indoneziýada süýji öndürilýän desgada bolan ýangynda 3 adam ýogaldy, 36 adam dereksiz ýitdi
Zelenskiý: "Ýaranlar Ukrainanyň howpsuzlygy üçin iň anyk kepilliginiň NATO agzalygydygyny bilýär"
Ukraina: Russiýanyň Kriwoý-Rog şäherine guran hüjüminde 2 raýat öldi, 52 adam ýaralandy
Tramp Si we Putin bilen taryhy sammiti başlamazdan öň hem "ýeňiş" diýip häsýetlendirdi
Kreml: Putin bilen Trampyň duşuşygynda Ukraina krizisi we ikitaraplaýyn gatnaşyklar maslahatlaşyldy
Russiýa: Ukraina Krym köprüsine ýene-de hüjüm gurady
Putin APEC-iň işewür liderlerine ykdysady basyşyň "geçmişde galan zatdygyny" aýtdy
ABŞ Eýranyň Keşm adasyna köp sanly hüjümleri amala aşyrdy
Ukraina ýene-de bir gezek Krym köprüsine hüjüm gurady
Ysraýylly gelmişekler Erihanyň golaýynda palestinli 1 zenany öldürdi
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Si we Putin bilen geçirjek duşuşyklaryndan öň Aziýa sapar gurar
Halkara Pul gaznasy bilen Ukraina 1,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
Ýewropanyň bäş ýurdy migrantlary Ruanda ibermek üçin merkezleri açar
Eýran Ormuz bogazynyň golaýynda ABŞ-na degişli harby drony ele geçirdi
Ormuz bogazynda ýene-de bir taner mina kakdy
ABŞ-da Ak Tamyň golaýynda guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy
ÝB: "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr."
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "ABŞ-nyň Bahreýndäki irki duýduryş radarlary nyşana alnyp, ýok edildi"
Pakistanda mikroawtobusyň derýa gaçmagy netijesinde 11 adam ýogaldy