ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli Rosneft we Lukoil firmalarynyň bazar gymmaty 5,2 milliard dollar azaldy
Resmi Waşingtonyň Russiýanyň iň uly iki nebit öndüriji firmasyna sanksiýa goýmagyndan soň Russiýaly ýokary derejeli ýolbaşçy Kirill Dmitriýew ABŞ-na gitdi.
ABŞ-nyň rus Rosneft we Lukoil firmalaryna goýan sanksiýalary sebäpli iki firmanyň jemi bazar gymmaty 5,2 milliard dollar azaldy.
Rosneft firmasynyň paýnamalary anna güni ýary gije 3 göterim aşaklap 4,19 dollara çenli pese gaçdy. Paýnamalar günüň dowamynda 4,12 dollara çenli aşaklady. Bu 2023-nji ýylyň maý aýyndan bäri bolan iň köp aşaklama hökmünde bellige alyndy. Paýnamalaryň aşaklamagy sebäpli firmanyň bazar gymmaty 127 milliard rubl azaldy.
Lukoil firmasynyň paýnamalary iki günde 7,2 göterim aşaklady. Bu aşaklama sebäpli firma 3,66 milliard dollarlyk ýitgi çekdi.
Lukoil firmasynyň esasy paýdary milýarder Wagit Alekperowyň iki günde 1 milliard dollardan gowrak ýitgi çekendigi nygtaldy.
Hünärmenler Donald Trampyň ikinji gezek ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde wezipesine girişmeginden soň ilkinji gezek goýan sanksiýalarynyň Russiýanyň energetika pudagyna uly zeper ýetirjekdigini nygtaýar.
Russiýanyň ýörite wekili ABŞ-da
Beýleki tarapdan Russiýanyň ykdysadyýet boýunça ýörite wekiliniň Waşingtonyň Moskanyň iň uly iki nebit firmasyna goýan sanksiýasyndan iki gün soň anna güni ABŞ-na gidendigi habar berildi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, hepdäniň başynda Budapeştde Putin bilen geçirilmegi meýilleşdirlen duşuşygy “netijesiz duşuşyk” islemeýändigi sebäpli goýbolsun edendigini mälim edipdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ykdsadyýet boýunça ýörite wekili Kirill Dmitriýew X sosial media arkaly beren habarnamasynda “ABŞ-Russiýa gepleşiklerini dowam etdirmek üçin ABŞ-na geldim” diýipdi.
Dmitriýew, rus habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Amerikan hökümetiniň wekilleri bilen geçirjek duşuşyklarynda Russiýa Ukraina söweşindäki tutumyny gürrüň berjekdigini mälim edipdi.