Prezident Erdogan: Azerbaýjanyň Garabag ýeňşi Kawkazda parahatçylyk üçin möhüm rol oýnaýar
Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Azerbaýjany Garabagdaky üstünlikleri bilen gutlady we Ermenistany we Azerbaýjany parahatçylykly geljek gurmaga çagyrdy.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan şenbe güni Bakuda eden çykyşynda Türkiyäniň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dowamly parahatçylygyň ýola goýulmagy baradaky çagyryşyny we goldawyny nygtap geçdi.
Erdogan Azerbaýjanyň Garabagdaky ýeňşiniň bäş ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada çykyş edip, 30 ýyllyk ermeni okkupasiýasynyň soňlanmagyny öwdi we muny Kawkaz üçin öwrülişik nokady hökmünde häsiýetlendirdi.
Erdogan azatlygyň diňe bir uly adalatsyzlygyň soňuna çykmak bilen çäklenmän, eýsem sebitleýin durnuklylyk üçin "täze döwrüň" başlandygyny aýtdy we ähli taraplary ýeňşi dowamly parahatçylyga öwürmäge çagyrdy.
“Biz ne kine saklaýarys, ne-de geçmişdäki ejir çekişleriň gaýtalanmagyna ýol bermeýäris” diýip aýdan Erdogan uruşdan soňky döwri Kawkazda dowamly parahatçylygyň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde görýändiklerini beýan etdi.
Hyzmatdaşlygy güýçlendirmek
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Ermenistan bilen parahatçylyk ylalaşygyna ýetmek üçin eden "çyn ýürekden çykýan tagallalaryny" öwdi we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň eden "konstruktiw ädimlerini" makullady.
“Nesip bolsa bu ajaýyp ýeňiş iki lideriň konstruktiw garaýşy bilen sebitde parahatçylygy we asudalygy pugtalandyrjak dowamly ylalaşyk bilen netijelener” diýip aýdan Erdogan Türkiyäniň bu prosessi ähli taraplaýyn goldamaga taýýardygyny belledi.
Erdogan şeýle hem Garabag urşunda söweşen azerbaýjan esgerlerine we weteranlaryna çuňňur hormat goýýandygyny bildirip, olaryň göreşini "gahrymançylyk" diýip atlandyrdy.
Prezident Erdogan Garabagdaky ýeňşiň "sebitdäki geosyýasy deňagramlylygy üýtgedendigini" we Türkiyäniň Azerbaýjanyň öňegidişligine buýsanýandygyny aýtdy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellemek bilen, Prezident Erdogan tebigy gaz geçirijileri we ulag geçelgeleri ýaly iri möçberli energiýa taslamalarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygyna ünsleri çekdi.