1-nji aprelde Milli Anyklaýyş we epidemiologiýa barlag instituty (InDRE), ýurduň günbatar bölegindäki Durango welaýatynda bir gyz çaganyň A(H5N1) wirusyna ýolugandygyny tassyklady.
Gyz çaga tiz wagtda goňşy Koauila welaýatyndaky ýörite hassahana agyr ýagdaýda ýerleşdirildi.
Koauila welaýatynyň Saglygy goraýyş edarasynyň sekretary Eliud Aguirre sişenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda: “Şu gün irden 3 ýaşly gyz çaganyň pajygaly ýagdaýda ýogandygy baradaky habary aldyk“ diýip habar berdi.
3 ýaşly gyz çaganyň köpçülikleýin organ ýetmezçiligi we dem alyş organlaryndaky ýetmezçilik sebäpli ýogalandygy mälim edildi.
Aguirre, ýokanç keseliň gelip çykyşynyň entek anyklanmandygyny we resmileriň ýüze çykyp biljek goşmaça ýagdaýlary gözegçilikde saklaýandyklaryny, emma şu wagta çenli wirusyň başga ýagdaýlarynyň ýüze çykarylmandygyny beýan etdiler.
Ýogalan gyzjagazyň hossarlary we ony bejergi eden lukmanlar gözegçilik astynda saklanýar.
Resmiler häzirki wagta çenli 38 adamy barlagdan geçirdiler, olaryň ählisiniň testleri negatiw ýagdaýda çykdy.
Geçen ýyl, Meksikada 59 ýaşly bir adam A(H5N2) görnüşindäki guş gribi sebäpli ýogalypdy.









