Kongodaky mis käninde köpriniň çökmegi netijesinde onlarça adam ýogaldy
Resmiler Lualaba mis käninde köpriniň çökmeginden soň ençeme adamyň howsala düşüp ölendigini habar berdiler. Waka bilen bagly garaşsyz derňewiň geçirilmeği barada çagyryş berildi.
Şenbe güni Kongo Demokratik Respublikasy döwletiniň günorta-gündogaryndaky ýarym senagat mis käninde köpriniň çökmegi netijesinde takmynan 30 adam ýogaldy. Resmiler wakanyň şu ýylyň ýurduň magdançylyk pudagyndaky iň uly heläkçilikleriň biri bolandygyny aýtdylar.
Kongonyň senetçilik magdançylyk agentligi SAEMAPE “Reuters” habarlar agentligine Lualaba welaýatyndaky Kalando magdan käninde bolan heläkçilikde 49 adamyň ölendigini we 20 adamyň agyr ýagdaýda ýaralanandygyny mälim etdi.
Emma döwlet resmileri birnäçe wagt soň 32 adamyň ölüminiň tassyklanandygyny habar berdiler, bu bolsa betbagtçylykdan soňky anyk sany kesgitlemegiň nähili kyndygyny görkezýär.
Düzgünleşdirilmedik magdanlarda ölüm howply şertler
Kongoda magdan heläkçilikleri köp duş gelýär. Takmynan 1,5–2 million adam esasan düzgünleşdirilmedik we mehanizasiýa edilmedik magdanlarda mis, kobalt we beýleki minerallary gazyp alýar we dünýä bazarlaryna iberýär. Köplenç el gurallary bilen işleýän magdançylar ýerleri gazan mahallar, howpsuzlyk çäreleri ýeterlik däldigi sebäpli ölüm howply çökmeler we gurluş çökmeleri ýygy-ýygydan başdan geçirilýär.
Resmiler gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini, ýaralanan adamlaryň bolsa hassahanalarda bejergi astyna alynandyklaryny habar berdiler.