Türkiýe Ysraýyl-Palestin çaknyşygynyň iki döwletli çözgüde laýyklykda bes edilmegi üçin halkara jemgyýetçiligine çagyryş berdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-njy sessiýasynyň çäginde geçirlen oturlyşykda eden çykyşynda Palestin döwletiniň gurulmagy üçin çagyryş etdi.
Çarşenbe güni eden çykyşynda BMG-nyň garaşsyz derňew komissiýasynyň taýarlan soňky görkezijilerine ünsi çeken Nuh Ýylmaz, “Ysraýyl Gazada halkara jemgyýetçiliniň gözüniň öňünde genosid etmäge dowam edýär” diýdi.
Nuh Ýylmaz, “Günbatar Şerida we Iýerusalimde gurlan bikanyn ýaşaýyş jaýlary we keramatly ýerlerde geçirilýän reýtler krizisi has-da çuňlaşdyrýar. Ysraýylyň Siriýa, Eýran, Liwan we Katar ýaly Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan hüjümleri we abanýan howplar munyň anyk subutnamasydyr” diýdi.
Daşary işler ministriniň orunbasary Ýylmaz “Halka bökdençsiz ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we iki döwletli çözgüt üçin gyssagly işe girişilmeli” diýdi.
BMG-nyň palestinli bosgunlara ýardam gullugy UNRWA goldaw berilmegi üçin çagyryş eden Ýylmaz, Palestiniň BMG-na doly agza bolmagynyň möhümdigini belledi.
ABŞ tarapyndan wiza ýüz tutmasy kabul edilmändigi üçin oturlyşyga wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Palestiniň Premýer-ministri Muhammed Mustafa, Palestini ykrar edýän ýurtlaryň sanynyň gün saýynyň atýandygyny aýtdy we syýasy we maliýe taýdan degişli goldawyň berilmeginiň möhümdigini nygtady.
Sebitara we halkara goldaw
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Şazada Faýsal bin Farhan Al Suud, ýurdunyň 1967-nji ýyldaky serhetleriň çäginde Palestiniň serhetleriniň kepil astyna alynmagy we sebitdäki ähli halklar üçin howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin diplomatiýa taýdan tagalla etmäge dowam etjekdigini aýtdy.
Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýman Safedi, Netanýahunu “söweşiň göwrümini giňeltmekde” günäkärledi.
Aýman Safedi “Herekete geçmegiň wagty geldi. Ysraýylyň Premýer-ministriniň bu tutumyndan ýüz öwürmegi üçin degişli çäreler görülmeli” diýdi.
Müsüriň Daşary işler ministri Badr Abdelatty “Sebitde yzygiderli çözgüt bolmasa durnuklylyk ýola goýlup bilinmez” diýdi.
Çiliniň Daşary işler ministri Alberto wan Klaweren, “iki döwetli çözgüt yzygiderli parahatçylyk üçin ýeke-täk ýol”diýip belledi.










