Erdogan Gara deňizde gämilere guralan hüjümleri "alada döredýän eskalasiýa" hökmünde häsýetlendirdi
Prezident Erdogan: “Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyk, Gara deňizde gämi gatnawynyň howpsuzlygyna howp salýan derejä ýetdi” diýdi.
Prezident kompleksinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenen, Rejep Taýýip Erdogan daşary syýasatdan senagata, ykdysadyýetden howpsuzlyga çenli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen kararlaryň ýurt, millet we tutuş adamzat üçin düşümli bolmagyny diledi.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiyäniň Gara deňziniň kenarynda Russiýa tarap barýan nebit tankerlerine guralan hüjümleri "alada döredýän eskalasiýa" hökmünde häsýetlendirdi. Ol bu barada Ankarada geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň aýtdy.
Türkiyäniň Ulaglar ministrligi anna güni agşam Türkiyäniň kenarynda "Wirat" we "Kairos" atly gämilere partlamalar sebäpli zeper ýetendigini, şenbe güni irden "Wirat" gämisine bolsa ikinji gezek hüjüm guralandygyny habar berdi.
Prezident Erdogan hüjümler bilen bagly: "Gara deňizde jedelleriň we dartgynlyklaryň ýurdumyzyň howpsuzlygyna we sebitleýin durnuklylygyna howp saljak derejä ýetmegine razy däl". Ol mundan başgada: "Gara deňizde töwekgelçilik we howp duýgusynyň artýandygyny görýäris. Sebitimizdäki dartgynlylygy azaltmak üçin diplomatik ýollary açyk saklaýarys we öz üstümize düşýän jogapkärçiligi etmäge taýýardygymyzy aýdýarys" diýdi.
Erdoganyň beýanatlary Ukrainanyň hem harby, hem syýasy basyş astynda bolan we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk başlangyçlarynyň çaltlaşdyrylýan döwründe boldy. Prezident Erdogan: "Biz degişli taraplara zerur duýduryşlary berýäris. Biz wakalara ýakyndan gözegçilik edýäris we çaknyşygy bes etmek üçin ähli goşandy goşmaga taýýardygymyzy beýan edýäris" diýdi.
Taryhy öwrülişik nokady
Prezident Erdogan mundan başgada Türkiyäniň awiasiýa ugrunda gazanan täze üstünlikleriniň üstünde durup geçip, uçarmansyz harby uçary GYZYLALMA-nyň dünýä awiasiýa taryhynda uly üstünliklere eýe bolýandygyny beýan etdi.
Prezident Erdogan: " GYZYLALMA-nyň gazanan bu üstünligi goranmak senagatymyzda gazanan depginimiziň subutnamasydyr. Türkiye Asyry üçin maksatnamalarymyzyň her bir ugurda şol bir dinamizmi saklaýandygyny görmek bizi begendirýär" diýip nygtady.