Eýran çäklendirmeleri gowşatmaga we halkara jaňlara rugsat bermäge başlady
Gözegçilik guramasynyň hasabatyna görä Eýranda internetiň kesilmeginiň möhleti 108 sagatdan geçdi
Eýran sişenbe güni raýatlaryna goýlan käbir çäklendirmeleri ýeňilleşdirip, birnäçe günden bäri ilkinji gezek öýjükli telefonlar arkaly halkara telefon jaňlaryna rugsat berdi.
Hökümete garşy geçirlen ganly protestlerde ölenleriň sany azyndan 646-a ýetdi, internet çäklendirmeleri dowam edýär we habarlaşma hyzmatlarynyň täzeden açylmagyna rugsat berilmedi. Paýtagt Tähranda birnäçe adam “The Associated Press” agentligine eýranlylaryň daşary ýurtlara jaň edip bilýändiklerini, ýöne daşary ýurtdakylaryň olara jaň edip bilmeýändigini aýtdy.
Ar almak howpundan gorkup, atlarynyň aýan edilmezligi şerti bilen beýanat beren şaýatlar SMS habarlaşma ulgamynyň işlemeýändigini we Eýranyň içinde internet ulanyjylarynyň döwlet tarapyndan tassyklanan web sahypalaryna ýerli derejede girip bilýändigini, ýöne daşary ýurtdaky hiç zada girip bilmeýändigini aýtdylar. Penşenbe güni daşarky dünýä bilen ähli aragatnaşygy kesenden soň çäklendirmeleriň has ýeňilleşdirilip-ýeňilleşdirilmejekdigi näbelli bolmagynda galýar.
Internetiň kesilmegi
Gözegçilik guramasy sişenbe güni Eýranyň resmileri tarapyndan girizilen tutuş ýurt boýunça internetiň kesilmeginiň 108 sagatdan geçendigini aýtdy. Aktiwistler protestlere garşy basyşlaryň möçberini gizlemek üçin edilýändiginden howatyrlanýarlar.
“Netblocks” kompaniýasy “X” arkaly iň soňky beýanatynda: “Eýran tutuş ýurt boýunça interneti kesip, eýranlylary dünýäniň galan böleginden we biri-birinden izolýasiýa edeninden bäri 108 sagat geçdi” diýip belledi.
Duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen iş alyp barýan "islendik we ähli" ýurtlara 25 göterimlik salgyt giriziljekdigini yglan etdi. Tramp Eýranyň resmileriniň protestleri basyp ýatyrmak üçin ölüm howply güýç ulanan halatynda, Eýrana hüjüm etmek bilen haýbat atsa-da, Tähran bilen diplomatiýa mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny hem habar berdi.