TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Türki Dünýäsiniň Kompozitorlar Bileleşigi döredildi
Duşuşykda Türki Dünýäsiniň Kompozitorlar Birleşigini döretmek we 2027-nji ýyla çenli birleşige Azerbaýjanyň Kompozitorlar Birleşiginiň başlygy Firengiz Alizadeniň ýolbaşçylyk etmegi barada karar kabul edildi.
Türki Dünýäsiniň Kompozitorlar Bileleşigi döredildi
Türki Dünýäsiniň Kompozitorlar Bileleşigi döredildi

Azerbaýjanda geçirilen Türk dünýäsi kompozitorlarynyň 1-nji gurultaýyndan soň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda Türk dünýäsi kompozitorlarynyň birleşigini döretmek karary kabul edildi.

Türk Medeniýeti we mirasy gaznasynda türki döwletleriniň kompozitorlaryny, sazazandalaryny we esasy aýdym-saz edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlemegi maksat edinýän Türki Dünýäsiniň Kompozitorlar Bileleşiginiň döredilmegi bilen baglanyşykly duşuşyk geçirildi.

Türk Medeniýeti we mirasy gaznasynyň başlygy Aktoty Raimkulowanyň ýer eýeçiliginde geçirlen duşuşyga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Wengriýanyň we Türkmenistanyň saz jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda Türki Dünýäsiniň Kompozitorlar Birleşigini döretmek we 2027-nji ýyla çenli birleşige Azerbaýjanyň Kompozitorlar Birleşiginiň başlygy Firengiz Alizadeniň ýolbaşçylyk etmegi barada karar kabul edildi.

Raimkulowa Türki Dünýäsiniň Kompozitorlar Bileleşiginiň döredilmegi bilen, türki halklarynyň baý mirasynyň täze eserler, hünärmen hyzmatdaşlygy we halkara medeni gepleşikler üçin çeşmä öwrülýän janly saz giňişligini döretmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.