TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy bilen duşuşdy
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow bilen duşuşyk geçirdi
Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy bilen duşuşdy
Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy bilen duşuşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan COP31-iň çäginde türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow bilen duşuşyk geçirdi. Liderler Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem sebitleýin we global wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Prezident Erdogan Türkiýäniň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy artdyrmak we gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin ädim ätmäge dowam etjekdigini nygtady, esasanam energiýa, söwda, goranmak senagaty we maýa goýum ulgamlarynda tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Prezident Erdogan Türki Döwletleriniň Guramasynyň barha güýçlenýändigini, onuň strategik ähmiýetiniň Ankara sammitinde ýene-de bir gezek ykrar edilendigini we Türkmenistanyň Maşgala mejlisine doly agza hökmünde goşulmagyna umyt edýändiklerini aýtdy.