DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylyň harby goşuny palestinli iki adamy ýaralady
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri penşenbe güni Gündogar İýerusalimiň demirgazygynda ýerleşýän Kafr Akab şäherinde geçiren reýdinde palestinli iki adamy ýaralady.
Ysraýylyň harby goşuny palestinli iki adamy ýaralady
Ysraýylyň harby goşuny palestinli iki adamy ýaralady / AA
17 Oktýabr 2025

Palestiniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň berýän habaryna görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri penşenbe güni Gündogar Iýerusalimiň demirgazygynda ýerleşýän Kafr Akab şäherinde geçiren reýdinde palestinli iki adamy ýaralady.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Ysraýylyň Kafr Akab şäherinde geçiren geýdinde biri 17 ýaşynda iki adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Şaýatlar, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň şäherçede ýaşlary kowalandygy we ýaşlara garşy hakyky gülle bilen gözüňi ýaşardýan bomba ulanandygy nygtaldy.

Palestiniň WAFA habarlar gullugy hem reýd sebäpli käbir ýollaryň gatnawa ýapylandygyny habar berdi.

Penşenbe güni ertiriň irki sagatlarynda Hebron sebitiniň günortasynda ýerleşýän Ar-Rihiýa obasynda palestinli bir çaga futbol oýnaýarka Ysraýylyň od açmagy sebäpli aradan çykdy.

Ýerli ýolbaşçylara görä, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada 1000-den gowrak palestinli öldürildi, 10 müň adam ýaralandy.

1600- çaga 20 müňden gowrak adam hem saklandy.

 

Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy