Eýranda Ysraýyla içalylyk edendigi sebäpli bir adam ölüm jezasyna höküm edildi
Eýranyň “Mizan” habarlar gullugy günäkäriň “Eýranda Ysraýyl üçin içalylyk edýän esasy adamlardan birididigini” habar berdi.
Kazyýet Bahman Çoobiýasly atly raýatyň Ysraýyl üçin içalylyk etmekde günäli tapylyp, jezalandyrylandygyny habar berdi. “Mizan” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Çoobiýasly “Eýranda Ysraýyl üçin işlän esasy içalylardan biri” bolupdyr.
“Mizanyň” habar bermegine görä Çoobiýasly “möhüm telekommunikasiýa taslamalarynda” işläpdir we “elektron enjamlarynyň import ýollary” hakynda maglumat beripdir.
“Mizan”: “Mossadyň esasy maskady günäkär bilen hyzmatdaşlyk edip, hökümet edaralarynyň maglumat bazasyny ele geçirmek we Eýranyň maglumat merkezinde näsazlyk döretmekden ybaratdy. Şeýle hem elektron enjamlaryn import ýollaryny öwrenmek ýaly ikinji derejeli maksatlar bilen gyzyklanypdyr” diýip, habar berdi.
Ýokary Kazyýet günäkäriň ýüz tutmasyny kabul etmändir we “galplyk” günäsi sebäpli berilen ölüm jezasyny tassyklapdy.
Ölüm jezasyna höküm edilýänleriň sany artýar
Ysraýyl bilen onlarça ýyldan bäri aýlawly söweşýän Eýran, Ysraýylyň howpsuzlyk gullugy Mossad bilen gatnaşykda bolandygy we onuň ýurtdaky operasiýalaryny ýeňilleşdirenlikde günäkärlenen köp sanly adamy öldürdi.
Eýran-Ysraýyl çaknyşygy iýun aýynda Ysraýylyň Eýrandaky dürli pozisiýalary bombalamagy sebäpli gönüden urşa öwrüldi; şol hüjümler Mossadyň komandoslarynyň ýurduň içine ornaşdyrylmagy netijesinde amala aşyrylypdy.
Soňky aýlarda azyndan 10 adamyň asylyp öldürilmegi netijesinde ýylyň dowamynda Ysraýyl üçin içalylyk edendigi sebäpli ölüm jezasyna höküm edilenlerin sany hem artdy.