Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Günorta Koreýa hepdäniň başynda Sary deňizde tälim uçuşynyň çäginde ABŞ-na we Hytaýa degişli harby uçarlaryň arasynda başdan geçirlen dartgynlyk sebäpli ABŞ-nyň Koreýa güýçlerine nägilelik bildirdi.
Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň harby çeşmelere esaslanýan habaryna görä, Goranmak ministri Ahn Gýu-bajk, çarşenbe güni başdan geçirlen wakanyň yzy ýanyndan ABŞ-nyň Koreýa güýçleriniň serkerdesi general Brunsona telefon edip nägilelik bildirdi.
Günorta Koreýanyň Baş ştabynyň başlygy general Ýoung-sungyň hem general Brunson bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde waka garşylyk görkezendigi nygtaldy.
Çarşenbe güni ABŞ-nyň Howa güýçlerine degişli 10 sany F-16 harby uçarynyň gatnaşmagynda geçirlen harby türgenleşigiň çäginde ABŞ-nyň we Hytaýyň harby uçarlarynyň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.
Habara görä, ABŞ-nyň F1-6 uçarlary, Günorta Koreýanyň we Hytaýyň howa giňişligi hökmünde kesgitlenen zolaga çenli geldi.
Bu göçüm, Hytaýyň harby goşunynyň sebite öz harby uçarlaryny ugratmagyna sebäp boldy, emma çaknyşyk bolmady.
Günorta Koreýaly ýolbaşçylara görä, ABŞ-nyň Koreýa güýçleri serkerdeligi, harby tälim hakynda Seully harby ýolbaşçylara maglumat beripdir, emma türgenleşigiň maksady hakynda ýeterlik maglumat bermändir.
Günorta Koreýa ABŞ-nyň iň ýakyn ýaranlaryndan biri. Waşington bilen Seulyň arasynda baglaşylan harby şertnamanyň çäginde Koreýa Ýarymadasynda 28 müň 500-e golaý amerikan esgeri iş alyp barýar.









