BMG Eýrana aşa güýç ulanmazlygy üçin çagyryş etdi
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, eýranlylaryň talaplaryny arkaýyn beýan etmelidigini aýtdy we hökümetiň protestçylara garşy aşa güýç ulanmakdan gaça durmalydygyny belledi.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Eýranly ýolbaşçylara protestçylara garşy parasatly çemeleşmekleri we aşa güýç ulanmakdan gaça durmaklary üçin çagyryş etdi.
BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dužarriç ýekşenbe güni beren beýannamasynda “Baş sekretar Eýran Yslam Respublikasynda geçirilýän ýörişlerde protestçylara garşy eýranly ýolbaşçylaryň aşa güýç ulanmagy sebäpli köp sanly adamyň ýogalmagyna garşy durýar” diýdi.
Eýranlylaryň talaplaryny arkaýyn parahatçylykly ýagdaýda beýan etmelidigini nygtan Guterreş, halkara hukugyna laýyklykda söz azatlygyna we raýatlaryň parahatçylykly ýagdaýda talaplary beýan etmek hukugyna sarpa goýulmalydygyna ünsi çekdi.
BMG-nyň Baş sekretary ýurduň içinde maglumat elýeterliliginiň üpjün edilmegi we aragatnaşygyň dikeldilmegi üçin çagyryş etdi.
Merkezi Londonda ýerleşýän internet gözegçilik gullugy NetBlocks ýekşenbe güni Eýranda 4 gün öň internediň kesilendigini mälim etdi.
Protest ýörişleri 28-nji dekabrda Tährandaky Uly bazaryň golaýynda Eýranyň pul birligi riýalyň hümmetiniň aşaklamagy we agyrlaşan ykdysady şertler sebäpli başlady we ýurduň çar tarapyna ýaýrady.
Merkezi ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklary guramasy HRANA ýörişlerde 490 protestçynyň we 48 howpsuzlyk işgäriniň ýogalandygyny, 10 müň 600-den gowrak adamyň saklanandygyny mälim etdi.
Ýörişlerde çekilen adam pydalary hakynda heniz hiç hili resmi maglumat berilmedi.