ABŞ Eýranyň Harg Adasyna bombaly hüjüm gurady

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, amerikan güýçleriniň Eýranyň çig nebit eksportunda esasy orun eýeleýän Harg adasyna bombaly hüjüm gurandygyny habar berdi.

By
ABŞ Eýranyň Harg Adasyna bombaly hüjüm gurady / Reuters

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, şenbe güni er ertir sosial media arkaly beren habarnamasynda, ABŞ-nyn harby goşunynyň Eýranyň Harg adasyna bombaly hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Tramp Ormuz bogazyndan gämileriň geçmegi bökdelen halatynda Eýranyň nebit infrastrukturasyna zeper ýetirjekdikleri barada duýduryş berdi.

Tramp, “ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi Ýakyn Gündogaryň taryhyndaky iň uly bombaly hüjümini gurady we Eýran taýdan uly ähmiýete eýe bolan Harg adasyndaky ähli harby nyşanalary dolulygyna ýok etdi” diýdi.

Adadady nebit infrastrukturasynyň nyşana alynmandygyny aýdan Tramp, Ormuz bogazyndan gämileriň geçmegi bökdelen halatynda bu kararyny gaýtadan gözden geçirjekdigini belledi.

Strategik ada

ABŞ bilen Ysraýyl şu günki güne çenli Harg adasy meselesinde ünsli çemeleşýärdi.

Amerikan hökümetiniň käbir agzalary ABŞ bilen Ysraýylyň Ýakyn Gündogardaky söweşiniň dowam edýän günlerinde adanyň ele geçirilmeginiň hem alternatiwleriň arasynda ýer alýandygyna ünsi çekdi.

Harg Adasy Eýranyň çig nebit eksportunda 90 göterimlik paý bilen esasy orun eýeleýär.

Eýranyň hüjümleri dünýäniň çig nebit we suwuklandyrlan gaz eksportunda esasy orun eýeleýän Ormuz bogazyndaky gämi gatnawyna uly zeper ýetirdi.

Hüjümler beýleki Aýlag ýurtlarynyň nebit infrastrukturasyna hem uly zeper ýetirdi.

Tramp, ýangyjyň nyrhynyň ýokarlamagy sebäpli nebit eksportunyň durnuklylygy üçin ABŞ-nyň deňiz flodynyň ýakynda tankerleri bogazdan geçýärkä goramaga başlajakdygyny aýtdy.

Harg Adasy 1960-1970-nji ýyllarda Eýranyň nebit önümçiliginiň artdyrylmagyndan soň strategiýa taýdan uly oýnamaga başlady.

Ada ýurduň nebit eksportynyň esasy merkezlerinden birine öwrüldi.